Ispaniýanyň çempionatynda tapgyryň iň esasy duşuşygynda, çempionlyga täsirini ýetirip biljek oýunda “Atletiko” bilen “Barselona” duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Atletiko Madrid” Hulian Alwaresiň 40-njy hem-de Sörlotyň 70-nji minutlardaky gollary bilen 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik “Barselona” ilki 72-nji minutda Lewandowskiniň goly bilen aratapawudy 1 gola düşürip, 78-nji minutda-da Ferran Torresiň goly esasynda hasaby deňledi. 90-njy minutdan soň bolsa, has takygy, 90+2-nji minutda Lamin Ýamalyň owadan goly bilen katalonlar öňe saýlandy. Ferran Torres 90+8-nji minutda ýene bir gezek tapawutlanyp, oýna soňky nokady goýdy we “Barselona” 4-2 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Bu duşuşykdan soň “Atletiko” çempionlyk ýaryşynda esasy bäsdeşlerinden 4 utuk yza galdy.
Soňky çempion “Real Madrid” myhmançylykda “Wilýarreal” bilen duşuşyp, oýunda ýer eýeleri Foýtuň 7-nji minutdaky goly bilen öňe saýlandy. Ýöne “Realyň” jogaby gijikmedi. Kilian Mbappe 17-nji we 23-nji minutlarda tapawutlanyp, toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy.
Myhmançylykda “Leganes” bilen duşuşan “Betis” garşydaşynyň Rabanyň 29-njy we 44-nji minutlardaky gollary esasynda öňe saýlanandygyna garamazdan, 3-2 hasabynda ýeňiş gazandy. “Betisiň” gollaryny Isko, Bakambu hem-de Kuço Hernandes geçirdi.
4-nji ýerdäki “Atletik Bilbao” myhmançylykda “Sewilýany” Ýeraýyň 84-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
“Malýorka” Murikiniň 1 penaltini gaçyryp, 2 penaltini-de salan duşuşygynda “Espanýoly” 2-1 hasabynda ýeňdi.
28-nji tapgyryň netijeleri:
Las Palmas – Alawes: 2-2 (Fabio Silwa 90 p, Moleýro 90+5 – Martines 7, Guridi 63),
Walýadolid – Selta: 0-1 (Alonso 83 p),
Malýorka – Espanýol: 2-1 (Muriki 53 p, 90+7 p – Asano 65),
Wilýarreal – Real Madrid: 1-2 (Foýt 7 – Mbappe 17, 23),
Žirona – Walensiýa: 1-1 (Stuani 64 – Diego Lopes 58),
Leganes – Betis: 2-3 (Raba 29, 44 – Isko 64 p, Bakambu 78, Kuço 82),
Sewilýa – Atletik: 0-1 (Ýeraý 84),
R. Wallekano – R. Sosiedad: 2-2 (Treho 58, Dias 72 – Subimendi 20, Marieskurrena 80),
Osasuna – Hetafe: 1-2 (Budimir 45 p – Terrats 55, 71),
Atletiko – Barselona: 2-4 (Alwares 45, Sörlot 70 – Lewandowski 72, Torres 78, 90+8, Ýamal 90+2)