Hytaýyň ýaşaýjysy bäşem çaga dünýä inderdi – dört gyz we bir oglan. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, tebigy ýol bilen göwreli bolnanda, birbada bäş çaganyň dogulma ähtimallygy 60 millionda 1 ýagdaýa deňdir diýip, «Szinan žibao» gazeti habar berýär.
Dogum 26-njy fewralda Uhan şäherinde boldy. Çagalar göwreliligiň 28-nji hepdesinde dünýä geldi. Ilki bilen, agramy 990 gram bolan oglan doguldy, gyzlaryň agramy bolsa 1 020 gr, 970 gr, 1 030 gr we 870 gram boldy.
Çagalaryň ýaşaýyş görkezijileri durnukly, bu bolsa pes agramly we wagtyndan ir doglan çagalarda seýrek duş gelýän ýagdaýdyr. Olar Apgar şkalasy boýunça 6 baha aldylar (baha 0-dan 10 bala çenli bolup bilýär).
Bäşemler hassahananyň neonatal bölüminde lukmanlaryň gözegçiligi astynda saklanýar. Olaryň 24 ýaşly ejesi dogumdan soň adaty palatada saglygyny dikeldýär.
PDF









