Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasyndaky Şülgentaş gowagynyň gaýalaryna çekilen suratlar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada guramanyň X jemgyýetçilik torundaky akkaundynda habar berildi.
Bu kararyň Pariždäki Bütindünýä miras komitetiniň 47-nji mejlisinde kabul edilendigi bellenilýär.
Şülgentaş gowagy Günorta Uraldaky iň uly köp gatly karst gowagydyr. Bu gowakdan, takmynan, 15-19 müň ýyl ozal ilkidurmuş adamlarynyň gaýaň ýüzüne çeken suratlary tapyldy.