Günorta Koreýanyň “LG Energy Solution” kompaniýasy Oşan şäherinde täze önümçilik desgasyny gurar. Üç milliard dollar maýa goýum özleşdiriljek bu ýerde elektroulag batareýalaryny işläp taýýarlamak üçin ylmy merkez hem gurlar. 2026-njy ýylyna çenli elektroulaglar we beýleki enjamlar üçin batareýa önümçiligi ýola goýlar. Desgada gerekli infrastrukturanyň gurulmagy üçin 1800 iş orny dörediler. Desgada müşderileriň zerurlyklaryna wagtynda jogap bermek we “akylly” zawodyň önümçilik mümkinçiliklerini ösdürmek üçin täzeçil tehnologiýada peýdalanylar.

Esasan, elektron enjamlaryny öndürýän koreý brendi batareýalar bilen bir hatarda mobil enjamlaryň ekranyny öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri hasaplanýar.

Altyn Mollagylyjowa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby