“Bawariýa” 6-njy kubogyna ymtylýar

363
DOHA, QATAR - FEBRUARY 08: Robert Lewandowski of FC Bayern Muenchen celebrates after scoring their team's second goal during the Semi-Final match between Al Ahly SC and FC Bayern Muenchen at the Ahmad Bin Ali Stadium on February 08, 2021 in Doha, Qatar. (Photo by David Ramos - FIFA/FIFA via Getty Images)

FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogy ýaryşynyň finalynda “Bawariýa” bilen “Tigres” toparlary duşuşarlar. “Bawariýa” düýnki ýarym final duşuşygynda ýer eýeleriň Kataryň “Al-Ahli” toparyny Robert Lewandowskiniň gollary bilen 2–0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Polşaly hüjümçi duşuşygyň 17-nji hem-de 85-nji minutlarynda tapawutlanmagy başardy. “Bawariýanyň” finaldaky garşydaşy Meksikanyň “Tigres” topary bolup, Demirgazyk Amerikanyň wekili ýarym finalda Libertadores kubogynyň eýesi “Palmeirasy” 1–0 (Žinýak 54 p) hasabynda ýeňdi. “Bawariýa” bilen “Tigresiň” arasyndaky final duşuşygy 11-nji fewralda Al Raýýan şäherindäki “Education City” stadionynda oýnalar.

“Bawariýa” topary şol finalda-da ýeňiş gazansa, onda 2020-nji ýyla degişli 6-njy kubogyny hem eýelär. FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogy aslynda geçen ýyl geçirilmelidi. Ýöne dünýäde emele gelen pandemiýa sebäpli şu ýylyň fewral aýyna süýşürilipdi.