Germaniýanyň Münhen şäherinde oýnalan nemes derbisinde “Bawariýa” topary “Baýeri” uly hasap bilen, 3-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Turuwbaşdan ýer eýeleriniň üstünliginde geçen oýunda “Bawariýanyň” gollarynyň 2-sini Harri Keýn (9, 75 p) hem-de Jamal Musiala (54) geçirdi. Duşuşygyň 62-nji minutynda “Baýerden” Mukiele gyzyl kart alyp, lewezkuzenliler soňky ýarym sagady 1 oýunçy az oýnadylar. “Bawariýa” topary “Baýeri” Habi Alonsonyň tälimçilik edip başlamagyndan bäri 7-nji duşuşykda ilkinji gezek ýeňmegiň hötdesinden geldi. Mundan öňki 6 oýunda “Baýer” 3 gezek ýeňipdi, 3 duşuşygam deňlikde tamamlanypdy.
“Intere” kyn düşmedi
PSW-den soň ýaryşdaky 2-nji niderland topary “Feýenoord” hem öz meýdançasynda asgyn geldi. “Interi” kabul eden rotterdamlylar italýan klubunyň ýyldyz hüjümçileriniň – Markus Turamyň 38-nji hem-de Lautara Martinesiň 50-nji minutdaky gollaryna çäre tapyp bilmedi. Şunlukda, “Inter” 2-0 hasabynda ýeňiş gazanyp, çärýek finala çykmak ugrunda uly mümkinçilige eýe boldy. Duşuşykda “Interiň” 2-nji goluny geçiren Lautara Martines klubuň bu ýaryşdaky iň netijeli oýunçy sanawynda 1-nji orna geçdi. Martines “Interiň” köýnekçesi bilen Çempionlar Ligasynda 18-nji goluny geçirdi.
Jogap duşuşyklary 11-nji martda sişenbe güni geçiriler.