Germaniýanyň çempionaty “Bundesligada” 19-njy tapgyrda garaşylmadyk netije hasaba alyndy. Çempionatda ýeňlişsiz gelýän sanawyň lideri “Bawariýa” topary Bawariýa welaýat derbisinde bu derejesini ýitirdi.
Öz meýdançasynda “Augsburgy” kabul eden münhenliler 2-1 hasabynda asgyn geldi. Oýnuň 23-nji minutynda ýer eýeleri Hiroko Itonyň goly bilen 1-0 hasabynda öňe saýlandy. 2-nji goly geçirmekde kynçylyk çeken “Bawariýa” soňky 15 minutda derwezesini goramak başartmady. Duşuşygyň 75-nji minutynda Artur Çawes hasaby deňlese, 81-nji minutda Han-Noa Massenga “Augsburgy” öňe çykardy. Galan minutlarda-da münhenlilere hasaby deňlemek ýa-da üstün çykmak başartmady.
Şunlukda, 2-1 hasabynda asgyn gelen “Bawariýanyň” çempionatdaky ýeňlişsiz ýörişi tamamlandy. “Bawariýa” çempionatda 27 oýundan soň utuldy. Olar soňky gezek geçen möwsümde, 8-nji martda öz meýdançasynda “Bohumdan” 3-2 hasabynda ýeňlipdi.
Dortmundyň “Borussiýasy” myhmançylykda Berlinda “Union” toparynyň derwezesinden jogapsyz 3 gol geçirdi. Gollary Emre Jan (10 p), Şlotterbek (53) hem-de Baýer (84) öz atlaryna ýazdyrdy.
3-nji orundaky “Hoffenhaým” myhmançylykda “Aýntrahtdan” 3-1 hasabynda üstün çykdy (Kalimuendo 18 – Moerştedt 52, Kabak 60, Amenda 65 ö.d.).
Kem-kemden täzeden özüni dürsäp başlan “Leipsig” myhmançylykda “Haýdenhaýmy” Bakunyň (62), Nusanyň (68) hem-de
PDF









