Her bir ýur­duň döw­let baý­da­gyn­da ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny, geç­mi­şi­ni we me­de­ni­ýe­ti­ni ala­mat­lan­dyr­ýan şe­kil­ler bol­ýar. Köp ýur­duň baý­da­gy­ny ta­na­ýan hem bol­sak, ola­ryň ma­ny­la­ry­ny bil­me­ýä­ris. Ge­liň, beý­le­ki ýurt­la­ryň baý­dak­la­rynyň nä­me many aň­lad­ýan­dy­gy­na se­re­de­liň!
Fran­si­ýa­nyň baý­da­gyn­da­ky ak reňk ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri bar bo­lup, pa­ty­şa­nyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar. Gök we gy­zyl reňk­ler ýur­duň paý­tag­ty Pa­ri­ži ala­mat­lan­dyr­ýar.
Ka­na­da­nyň baý­da­gy­ny klýon aga­jy­nyň ýap­ra­gy be­ze­ýär. Ýüz­ler­çe ada­dan eme­le ge­len ýurt­da giň to­kaý­lyk­lar bar. Ir­ki dö­wür­ler­de Ka­na­da­nyň ýer­li ýa­şaý­jy­la­ry agaç ýap­ra­gy­nyň şow­lu­lyk ge­tir­ýän­di­gi­ne yna­nyp­dyr­lar. Bu baý­dak 1965-nji ýyl­dan bä­ri ula­nyl­ýar.
Adat­ça, baý­dak­lar dört­burç­luk gör­nü­şin­de bol­ýar. Em­ma Gü­nor­ta Azi­ýa­da­ky Ne­pa­lyň baý­da­gy iki sa­ny üç­burç­luk şe­kil­den eme­le ge­len. Baý­da­gyň üç­burç şe­ki­li ýur­duň uly bö­le­gi­ni eme­le ge­tir­ýän Gi­ma­laý dag­la­ry­nyň ge­riş­le­ri­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Gy­zyl reňk­li baý­da­gyň ýü­zün­dä­ki Gün we Aý asu­da­ly­gyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar. Baý­dak­da ýur­duň mil­li gü­li ha­sap­lan­ýan «rho­do­dend­ron» gü­lü­niň su­ra­ty hem ýer­leş­di­ri­lip­dir.
Da­ni­ýa­nyň baý­da­gy dün­ýä­niň iň ga­dy­my baý­da­gy hök­mün­de Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Bu baý­da­gyň soň­ky ge­zek üýt­ge­di­le­ni­ne 400 ýyl bo­lup bar­ýar. Baý­dak­da­ky ak reňk pa­ra­hat­çy­ly­gy, gy­zyl reňk bol­sa, üs­tün­li­gi we gah­ry­man­ly­gy ala­mat­lan­dyr­ýar.
Hin­dis­ta­nyň baý­da­gyn­da köp me­de­ni­ýet­li­li­gi ala­mat­lan­dyr­ýan şe­kil­ler bar. Ýa­şyl we sa­ry reňk­ler ýurt­da ýa­şa­ýan dür­li mil­let­le­riň, ak reňk bol­sa pa­ra­hat­çy­ly­gyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar. Baý­da­gyň or­ta­syn­da­ky gök reňk­li hal­ka­nyň için­dä­ki 24 sa­ny çyzyk gü­nüň 24 sa­ga­dy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.
Ba­ga­ma ada­la­rynyň baý­da­gyn­da­ky al­tyn­sow sa­ry reňk ýur­duň giň de­ňiz ke­nar­la­ry­ny, açyk gök ýur­duň da­şy­ny gur­şa­ýan de­ňiz­le­ri­ni, üç­burç­luk şe­kil te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.
Baý­dak­lar bi­len
bag­ly tä­sin
mag­lu­mat­lar

Hiç bir ýur­duň baý­da­gyn­da me­lew­şe reňk ýok.
Gy­zyl, ak we gök reňkler bi­le­lik­de we aý­ra­tyn­lyk­da iň köp ga­bat gel­ýän reňk­ler­dir.
Ýyl­dyz iň köp ula­nyl­ýan sim­wol ha­sap­lan­ýar.
Da­ni­ýa­nyň baý­da­gy 1319-njy ýyl­da dö­re­di­lip­dir. Şon­dan bä­ri baý­da­ga bir­nä­çe ge­zek ki­çi­räk üýt­geş­me­ler gi­ri­zi­lip­dir.
Adat­ça, baý­dak­la­ryň şe­ki­li 2×3 öl­çe­gin­de bol­ýar. Wa­ti­ka­nyň we Şweý­sa­ri­ýa­nyň baý­dak­la­ry bol­sa, ine­dör­dül şe­kilindedir.
Bra­zi­li­ýa­nyň baý­da­gy iň köp reňk­den eme­le ge­len baý­dak ha­sap­lan­ýar. Baý­dak­da je­mi 12 reňk bar.