«Alphabet» konglomeratynyň bazar nyrhy taryhda ilkinji gezek 4 trillion amerikan dollaryndan geçdi. «Google» kompaniýasyna eýeçilik edýän kompaniýanyň her bir paýnamasynyň bahasy 1,6 göterim gymmatlap, 334,44 dollara ýetdi. Netijede, tehnologiýa kompaniýasynyň umumy bazar nyrhy gysga wagtlygyna 4 trillion amerikan dollaryndan geçdi. Mundan ozal «Nvidia», «Microsoft» we «Apple» kompaniýalary hem şeýle sepgide ýetipdi. Kompaniýanyň bazar nyrhy geçen ýylyň sentýabr aýynda 3 trillion dollara ýetipdi.
Soňky ýyllarda, esasan, emeli aň pudagyna maýa goýýan tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejisi has çalt depginde artýar.
PDF









