Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň täzeden dikeldilmegi we türkmeniň atşynaslyk sungatynyň täze rowaçlyklara eýe bolmagy her birimizde çäksiz buýsanjy döredýär. Ösüş-özgertmelere beslenen taryhy döwrümizde şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimiziň şanyna toýlaryň uludan toýlanmagy, has takygy, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň uludan dabaralandyrylmagy bolsa, has-da guwandyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Pederlerimiziň irginsiz zähmeti netijesinde, keremli türkmen topragynda kemala gelen we ajaýyp gözelligi, çeýeligi hem-de ýyndamlygy bilen gadymy döwürlerden bäri ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiz milli gymmatlygymyzdyr». Şoňa görä-de, ahalteke bedewlerimiziň şöhratly ýolunyň gaýtadan dabaralanýan, şan-şöhratynyň dünýä dolýan döwründe ýyndam we owadan bedewlerimize bolan çäksiz buýsanç talyp ýaşlarymyzyň kalbyny joşdurýar.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde 2025-nji ýylyň 26-njy aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek boýunça degişli Buýruga gol çekmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da ajaýyp senäniň baý many-mazmunly dabaralara beslenjekdigini görkezýär. Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda ýokarda agzalan bäsleşikleriň ähmiýetiniň uludygyny guwanç bilen bellemelidiris.
Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplarynda dünýä belli ahalteke bedewleriniň türkmen topragynda kemala gelendigini buýsanç bilen belleýär. Bu hakykaty gadymy ýazuw çeşmeleridir arheologik maglumatlar doly tassyklaýar.
Ýelden ýyndamlygy, owadanlygy, wepadarlygy, çydamlylygy bilen dünýä belli bolan ahalteke bedewlerimiz şöhrat-şanymyzdyr. Türkmen bedewlerine merdana halkymyzyň goýýan gadyr-gymmaty diýseň belentdir. Eýýamlaryň hem ençeme asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz ýyndam ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň milli ýörelgesini döredipdir we bu ýörelge şu güne çenli gelip ýetipdir. Häzirki wagtda bu ýörelgeler ussat atşynaslarymyz, seýislerimiz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilýär we baýlaşdyrylýar.
Ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny belende göterýän
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Baýramtäç ORAZTAGANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.