Dünýäniň öňdebaryjy kino festiwallarynyň biri bolan “Berlinale” 2026 tamamlandy. Germaniýanyň paýtagty Berlinde 76-njy gezek geçirilen festiwalda asly türkiýeli režissýorlaryň filmleri öňe saýlandy. Meşhur režissýor Wim Wendersiň ýolbaşçylyk eden eminler topary festiwalyň baş baýragyna – “Altyn aýy” baýragyna Ilker Çatagyň “Sary hatlar” (Gelbe Briefe) filmini mynasyp gördi. Asly türk germaniýaly režissýoryň filmi 3 ýurduň (Germaniýa, Türkiýe, Fransiýa) önümi bolup, iki artistiň durmuşy barada gürrüň berýän ekran eserinde Özgü Namal bilen Tansu Biçer baş keşpleri ýerine ýetirýär.

Festiwalyň 2-nji uly sylagy bolan “Gran Pri” – “Kümüş aýy” baýragy türkiýeli režissýor Emin Alperiň “Halas boluş” (Kurtuluş) filmine berildi. Eminleriň “Kümüş aýy” – ýörite baýragyna-da “Deňizdäki şa zenany” (Queen at Sea) filmi üçin amerikaly režissýor Lans Hammer laýyk görüldi.

Britaniýaly Grant Gi “Hemmeler Bill Ewansy gowy görýär” (Everybody Digs Bill Evans) filmi üçin festiwalyň iň gowy režissýor – “Kümüş aýy” baýragy bilen sylaglandy.

Germaniýaly meşhur aktrisa Sandra Hüller “Roza” (Rose) filmindäki keşbi üçin iň gowy baş keşp – “Kümüş aýy” baýragyna mynasyp boldy. Ol mundan 20 ýyl ozal hem “Rekwiem” (Requiem) filmindäki keşbi üçin Berlinale-de iň gowy aktrisa baýragyny gazanypdy.

“Deňizdäki şa zenany” filminde surata düşen artistleri – Anna Kalder-Marşall bilen Tom Kortni iň gowy kömekçi keşp – “Kümüş aýy” baýragyny paýlaşdylar.

Iň gowy ssenariý – “Kümüş aýy” baýragy “Nina Roza” (Nina Roza) filminiň edebi esasyny ýazan we şol bir wagtyň özünde kinonyň režissýory bolan Ženewiew Dýulýud-Desele berildi.

“YO. Söýgi – bu gozgalaňçy guş” (Yo (Love Is a Rebellious Bird) atly dokumental filmini surata düşüren Ann Fitç bilen Benker Waýt iň gowy kino sungatyna uly goşant – “Kümüş aýy” baýragyna laýyk görüldi.