Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä derejesindäki abraýy barha arşa galýar. Eziz Watanymyz ähli ulgamlarda ýokary netijelere eýe bolýar. Şol sanda bilim ulgamynda hem täze sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Ähli ýyllarda bolşy ýaly, ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem bilim ulgamyny özgertmegiň, täze sepgitlere ýetmegiň ýyly bolar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewüliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar we meýilnamalar düýpli ylmy esaslara daýanýar. Nebit-gaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, dokma, ykdysadyýet, maliýe, bank toplumlaryna, söwda, ulag, aragatnaşyk, himiýa, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryna ylmyň we tehnologiýalaryň iň täze gazananlary ornaşdyrylýar.
Watanymyza, halkymyza Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, zehinli we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde orta çykýar. Şonuň üçin ýurdumyzda dürli halkara we ders bäsleşikleri geçirilýär. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde «Watanyň daýanjy-bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!» atly Türkmenistanyň taryhy, matematika, türkmen dili, iňlis dili, dersleri boýunça olimpiadany, şeýle hem şu ýyl Aşgabat şäherinde geçiriljek mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasyny agzamak bolar. Halkara olimpiadalar mekdep okuwçylarynyň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, dost-doganlygy berkitmek arkaly giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklaryny höweslendirmek, olaryň intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek maksady bilen geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz: «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys» diýip belleýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil bilim almaklary üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýylyň-ýylyna dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze mekdepler açylyp ulanylmaga berilýär.
Döredilýän şertlerden, mümkinçiliklerden peýdalanyp, biz – bilim işgärleri yhlasly, tutanýerli zähmet çekmäge borçlanýarys. Ýaşlaryň bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil nesil bolup ýetişmegi ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Güljan MURADOWA,
Aşgabat şäherindäki matematika we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň mugallymy.