Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026-njy ýylyň 8-13-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek mekdep okuwçylarynyň III halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.
Halkara matematika olimpiadasy mekdep okuwçylarynyň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, dost-doganlygy berkitmek arkaly giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklaryna höweslendirmek, olaryň intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek maksady bilen geçirilýär.
Olimpiadanyň resmi iş dilleri: türkmen, rus, iňlis
Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde I (bir) tapgyrda A we B derejede geçirilýär:
A derejä – 20 ýaşa çenli mekdep okuwçylary, olimpiadanyň geçirilýän döwründe öz ýurdunyň mekdebini tamamlanyna 1 ýyldan köp wagt geçmedik hem-de ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmadyk uçurymlar gatnaşyp biler;
B derejä – ýaşy 15,5 geçmedik okuwçylar gatnaşyp biler.
Gatnaşyjy ýurtlar üçin iki derejede hem okuwçy (gatnaşyjy) sanynda çäklendirme ýokdur.
Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçylar we olaryň topar ýolbaşçylary 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndan 1-nji apreline çenli hasaba alynýar.
Olimpiada gatnaşýan mekdep okuwçylarynyň hem-de ýolbaşçylarynyň iýmit, ýaşaýyş jaý, ýurduň çägindäki awtoulag we olimpiada geçýän döwründäki syýahatçylyk bilen baglanyşykly çykdajylaryny bäsleşigi geçirýän ýurt öz üstüne alýar.
Habarlaşmak üçin guramaçylyk topary:
Tel: +99312 448409, +99312 398550, +99365809906
email: turkmenmatholymp@gmail.com
PDF









