Biomaterialdan 3D jaý guruldy

120

Soň­ky ýyl­lar­da 3D çap et­mek usu­ly se­na­gat önüm­çi­li­gin­de hem-de jaý gur­lu­şy­gyn­da giň­den ula­nyl­ýar. Ýa­kyn­da ABŞ-ly in­že­ner­ler ga­lyn­dy­lar­dan we bio esas­ly ma­te­ri­al­lar­dan jaý gur­du­lar. Bu tas­la­ma­ny Men şta­ty­nyň ady­bir uni­wer­si­te­ti­niň Ösen gur­luş­lar we kom­po­zi­si­ýa­lar mer­ke­zi­niň hü­när­men­le­ri dur­mu­şa ge­çir­di. Ja­ýyň ma­te­ri­al­la­ry üçin agaç ýo­nuş­ga­la­ry hem mek­ge­jö­we­niň ga­lyn­dy­la­ry ula­ny­lyp­dyr. Ne­ti­je­de, özü­ne çe­ki­ji jaý eme­le ge­lip­dir. “Bio­Ho­me3D” at­ly jaý çyk­da­jy­la­ryň ar­zan­la­ma­gy­na we ila­tyň dür­li gat­lak­la­ry üçin ýa­şa­ýyş jaý­la­ryň el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy taý­ýar­la­nan tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de gu­rul­dy. Bi­na­ny gur­mak üçin se­na­gat­da ula­nyl­ýan po­li­mer prin­ter ula­ny­lyp­dyr. Ja­ýyň özi ga­lyn­dy­lar­dan ýa­sa­lan ma­te­ri­al­lar­dan ön­dü­ri­lip, ol gur­lan­da hem hiç hi­li ga­lyn­dy eme­le gel­me­di. Ja­ýyň meý­da­ny­nyň 600 ine­dör­dül metr­di­gi mä­lim edil­di.
Ja­ýyň esa­sy ele­ment­le­ri – di­war­lar, pol­lar we hat­da üçek 100% gaý­ta­dan iş­le­nip bi­lin­ýän agaç sü­ýüm­le­ri­niň we bio-re­zin­le­riň ga­ryn­dy­syn­dan ýa­sa­lan ma­te­ri­al­dan gu­rul­dy. Için­de amat­ly mik­rok­li­ma­ty sak­la­mak üçin jaý­da agaç izol­ýa­si­ýa­sy ula­ny­lyp­dyr. 3D usul­da çap edi­len ja­ýyň ýy­ly we ýa­şa­mak üçin amat­ly­dy­gy­ny mä­lim edil­di.
Jaý­da hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan myh­man ota­gy, aş­ha­na, ýa­tyl­ýan otag we iş otag­la­ry bar. Jaý­da pen­ji­re­ler az, ýö­ne şol bir wag­tyň özün­de be­zeg we me­bel­le­riň açyk reňk­le­ri­niň ula­nyl­ma­gy se­bäp­li iç­ki gi­ňiş­lik go­wy yşyk­lan­dy­ryl­ýar.
Mun­dan baş­ga-da, bi­na­nyň da­şyn­dan se­re­di­len­de ony ada­ty jaý­lar­dan ta­pa­wut­lan­dyr­mak müm­kin däl.

An­na­mu­ha­met Be­gi­ýew, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.