Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň sa­ny ar­typ, ba­ha­sy ar­zan­la­ýar. In­di bu ug­ra ma­ýa goý­ma­ýan aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si ýok di­ýen ýa­ly. “Hon­da” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gel­jek ýyl sa­tu­wa çy­kar­jak “Pro­lo­gue” at­ly elekt­rou­la­gy br zar­ýa­dy bi­len 500 ki­lo­metr ýol ge­çer. Ýa­pon kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bu ula­gy elekt­rou­lag ön­dü­ij­ri­le­riň ara­syn­da­ky bäs­deş­li­gi has art­dy­rar. Ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa bi­len üp­jün edi­len aw­tou­la­gyň iç­ki di­zaý­nyn­da ösen mul­ti­me­di­ýa ul­ga­my göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Ula­gyň öň ta­ra­pyn­da 11,3 dýuým­lyk sen­sor­ly ek­ran bi­len 11 san­ly pri­bor ýer­leş­di­ri­lip­dir. Send­sor­ly ek­ran “Go­og­le” hyz­mat­la­ry bi­len bir ha­tar­da işi­ňi ýe­ňil­leş­dir­ýän dür­li teh­no­lo­gi­ýa­lar bar.
Ula­gyň kuw­wa­ty ba­bat­da aý­dy­lan­da bol­sa, iki he­re­ket­len­di­ri­ji­li “Hon­da Pro­lo­gue”-niň kuw­wa­ty 288 at güý­jü­ne ba­ra­bar. Şeý­le hem 10 mi­nut­lyk zar­ýad bi­len 100 ki­lo­met­re çen­li ýol ge­çip bol­ýar.
“Hon­da” dür­li ulu­lyk­da­ky elekt­rou­lag­la­ry ön­dür­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň has ki­çi, şä­her için­de we şä­he­riň ýa­ka­syn­da sür­mä­ge ni­ýet­le­nen “Hon­da e” ula­gy has şow­ly ne­ti­je ber­di. Kom­pa­ni­ýa elekt­rou­lag­lar mo­del­le­ri­niň sa­ny­ny 2030-njy ýy­la çen­li je­mi 30 mo­de­li taý­ýar et­me­gi mak­sat edin­ýär.

Mak­sat­gel­di Jep­ba­row, Türkmenistanyň Döwlet energetika ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.