Angliýada bir gezek ulanmaga niýetlenen plastik gap-gaçlar gadagan edildi. Ýurduň hökümeti bir gezek ulanmaga niýetlenen käbir önümleriň ulanylyşyny çäklendirmegi göz öňünde tutulýan kanuny güýje girizdi. Täze düzgüniň maksady tebigata ýetirilýän zyýanyň öňüni almakdan ybarat. Düzgüne görä, gadagan edilen önümleri üpjün etmegini dowam etdirýän kärhanalara pul jerimesi salnar. Şeýle-de bolsa, çäklendirme marketlere we iýmit önümlerini müşderilere ýany bilen berip goýberýän jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryna degişli däl. Düzgüniň ýerine ýetirilişine ýerli häkimiýetler gözegçilik ederler.
Şeýle gadagançylyk geçen ýylyň iýunynda Şotlandiýada hem güýje girizilipdi. Mundan ozal 2020-nji ýylda Angliýada bir gezek ulanmaga niýetlenen plastik turbajyklar, çöpjagazlar we ujy pamykly çöpler gadagan edilipdi.
Maglumatlara görä, Angliýada her ýyl 1,1 milliard plastik tabaklar, 4,25 milliard plastik çemçe-çarşak ulanylyp, olaryň bary-ýogy 10 göterimi gaýtadan çig mal hökmünde ulanylýar. Şeýle çäklendirme Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda hem girizildi. 2021-nji ýylda bileleşige agza ýurtlarda plastik zyňyndylary azaltmak maksady bilen bir gezek ulanylýan gap-gaçlar gadagan edilipdi.
Aýgözel Amangeldiýewa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
PDF









