UEFA Çempionlar Ligasynda italýanlaryň 2 kluby pleý-offdan yzyna gaýdyp, 1/8 finala çykyyp bilmedi. Iki topar hem ýurduň Lombardiýa sebitiniň kluby bolup, ilki “Milan”, soňra “Atalanta” üçin Çempionlar Ligasy şu möwsümlik tamamlandy.

Bu kubogyň 7 gezek eýesi “Milan” öz meýdançasynda “Feýenoord” bilen duşuşdy. 1-nji oýunda 1-0 hasabynda utulan “Milan” eýýäm 1-nji minut dolmanka, has takygy, 37-nji sekuntda “Feýenoorddan” transfer eden hüjümçisi Santiago Himenesiň goly esasynda öňe saýlandy. Duşuşygyň 44-nji minutynda “Milanyň” çep gyraky goragçysy Teo Hernandes garşydaşynyň köýnekçesinden çekeni üçin sary kart aldy. Fransiýaly oýunçy 51-nji minutda-da “Feýenoordyň” jerime meýdançasynda ýykylyp, emini aldajak bolany üçin Şimon Marçiniak oňa 2-nji sary kartyny görkezdi. Şondan soň oýnuň ykbaly üýtgäp, “Feýenoord” 73-nji minutda Ýulian Karranzanyň goly esasynda hasaby deňledi. Bu goldan soň milanly futbolçylaryň öňe geçmek üçin eden tagallalary oňyn netije bermedi. Şunlukda, 2 oýnuň netijesi boýunça 2-1 hasabynda utulan “Milan” ýaryşdan ir çykdy. “Feýenoord” bolsa Çempionlar Ligasynyň taryhynda, 1992-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 1/8 finala adyny ýazdyrdy.