Angliýanyň Glosterşir graflygynda ýaşaýan britaniýaly bagban Grem Barratt şu ýylyň tomsunda bir wagtyň özünde 4 rekord goýup, Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny vazdyrdy. Onuň goýan birinji rekordy 18 sm uzynlykda ösdürip ýetişdiren nohut kösügidir. Ol bu rekordy 1970-nji ýyllarda Jon Innes merkezinde ösdürilen “JI2144” görnüşiniň tohumynyň esasynda 2-nji iýunda amala aşyrdy. Bagban 11-nji iýulda aýynyň iň agyr meksikan pomidoryny ösdürip ýetişdirmek arkaly 2-nji rekordyny goýdy. Bu pomidorynyň agramy 140 gram bolup, ol 2024-nji ýylda goýlan rekorddan üçden bir esse artyk. Bagban 28-nji iýulda iň uzyn we iň agyr sürteç kädini ösdürip ýetişdirmek arkaly rekordlaryny jemledi. Onuň ösdürip ýetişdiren sürteç kädisiniň uzynlygy 1,3 metre, agramy 2,8 kilograma deňdir. Mälim bolşy ýaly sürteç kädi aşhanada we hammamda arassaçylyk serişdesi hökmünde ulanylýar. Onuň käbir sortlary bolsa iýmek üçin hem ýaramly hasaplanýar. Üç rekord eýesi bolan Gremm: “Men her ýyl diýen ýaly täze bir zady ösdürip ýetişdirmäge synanyşýaryn, bu işimde örän gowy miwelerime uly bil baglaýaryn. Aslynda maňa bu işde käbir önümleri ösdürip ýetişdirip, ýokary görkeziji gazanmak kynrak boldy. Şonuň üçin hem men öz sanawymdan birnäçe miweleri aýyrdym, emma ol miweleriň köpüsi meni diýseň haýran galdyrdy. Şol günden bäri hem men indi diňe şol miweleri ösdürip ýetişdirmek isleýärin. Bu günki günde gazanan täze üstünligim bolsa maňa geljekde hem öňe gitmäge, beýleki birnäçe ösümlikleriň dürli görnüşlerine-de ünsümi gökükdirmäge örän uly itergi berdi” diýip buýsanç bilen belleýär.

Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.