Luk­man­la­ryň bel­le­megi­ne gö­rä, tä­ze dün­ýä inen bä­bek­ler üçin ene süý­dü­niň or­nu­ny tut­ýan iý­mit ýok. Bä­be­giň il­kin­ji iý­mi­ti hem ene süý­di bol­ma­ly. Al­ty aýa çen­li ça­ga ene süý­dün­den baş­ga iý­mit be­ril­me­li däl. Al­ty aý­dan soň bol­sa, ýu­waş-ýu­waş­dan goş­ma­ça iý­mit­ler ber­lip baş­lan­ýar. Em­ma ça­ga goş­ma­ça iý­mit ber­len­de, üns­li bo­lun­ma­ly, iý­mit go­wy saý­lan­ma­ly. Se­bä­bi kä­bir iý­mit önüm­le­ri ça­ga­nyň nä­zik be­de­ni üçin agyr, ýag­ny ony siň­dir­mek kyn bo­lup bil­ýär.
Bi­ler­men­ler ça­ga bir ýa­şy­ny dol­dur­ýan­ça bal, sy­gyr süý­di we ça­la bi­şen ýu­murt­ga be­ril­me­li däl­di­gi­ne ün­si çek­ýär­ler. Köp adam bu iý­mit­le­riň hem­me­ler üçin ýa­ram­ly­dy­gy­ny pi­kir edip bi­ler. Ýu­murt­ga bä­bek­le­riň ös­me­gi üçin iň peý­da­ly iý­mit­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu iý­mit ulu­lar üçin hem gym­mat­ly iý­mit çeş­me­si ha­sap­lan­ýar. Em­ma ça­la bi­şen ýu­murt­ga ça­ga­lar­da nä­hoş­luk­la­ra se­bäp bo­lup bil­ýär. Ça­ga ýu­murt­ga­nyň agy we sa­ry­sy ma­za­ly bi­şen­den soň­ra be­ril­me­li. Ça­ga il­kin­ji ge­zek is­len­dik iý­mit ber­len­de, aý­ra­tyn­lyk­da hem-de az-az­dan be­ril­me­li. Se­bä­bi kä­bir iý­mit­ler­de al­ler­gik tä­sir­ler bo­lup bil­ýär.
Gu­ry ir-iý­miş­le­ri ki­çi ýaş­ly ça­ga ber­mek­den sak­lan­ma­ly. Pis­se we hoz ýa­ly iý­mit­le­r pü­re gör­nü­şin­de al­ty aý­dan soň­ra üns­li ýag­daý­da ber­lip bil­ner. Şeý­le-de bol­sa, bu iý­mit­le­riň hem al­ler­gi­ýa dö­re­dip bil­jek­di­gi un­udyl­ma­ly däl. Şol se­bäp­li bu iý­mit ber­len­de luk­man bi­len mas­la­hat­la­şyl­ma­ly.
Peý­nir hem iý­mit­li­lik kuw­wa­ty ýo­ka­ry, sag­lyk üçin peý­da­ly iý­mit ha­sap­lan­ýar. Em­ma peý­ni­riň dü­zü­min­de köp muk­dar­da duz sak­lan­ýar. Peý­ni­riň kä­bir gör­nü­şin­de bol­sa, ýag hem bol­ýar. Bä­bek­le­re peý­nir ber­len­de onuň dü­zü­mi göz öňün­de tu­tul­ma­ly.
Sy­gyr süý­dü­niň dü­zü­min­dä­ki pro­te­in we mi­ne­ral mad­da­lar bä­be­giň iýmit siň­di­riş ul­ga­my­na ag­ram sa­lyp bil­ýär. Şol se­bäp­li bä­bek­le­re goş­ma­ça iý­mit ber­len­de, ýö­ri­te bä­bek­le­re ni­ýet­le­nen gör­nüş­le­ri­ni saý­lap al­ma­ly. Iý­mi­tiň ga­byn­da onuň haý­sy ýaş­da­ky ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen­di­gi­ne üns ber­me­li. Sy­gyr süý­dü­ni bol­sa, 1 ýaş­dan soň­ra ber­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Luk­man­lar 1 ýaş­dan ki­çi bä­bek­le­re bal iý­dir­me­gi hem mas­la­hat ber­me­ýär­ler.