Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň braziliýaly ýarymgoragçysy Duglas Luiz 1 ýyldan soň ýene-de “Premier Liga” dolandy. 27 ýaşyndaky oýunçy “Nottingam Forest” bilen 1 ýyllyk kärendesine şertnama baglaşdy. Möwsümiň ahyrynda iňlis kluby 30 million ýewro töläp, Duglas Luizi ymykly düzümine geçirip hem biler. “Wasko da Gamada” futbola başlan Duglas Luiz “Žironada” 2, “Aston Willada” 5 möwsüm oýnady. Ol “Ýuwentusda” geçen möwsümde 27 oýunda meýdança çykyp, ýeke gol hem geçirip bilmedi. Onuň Braziliýanyň ýygyndysynda-da 18 oýny bar.