Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Afrika zolagynda “B” toparçada öňdebaryjy Senegalyň ýygyndysy ýalňyşlyk goýbermedi. Öz meýdançasynda Mawritaniýanyň ýygyndysyny 4-0 hasabynda ýeňen Senegalyň ýygyndysy bassyr 3-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar (2018, 2022, 2026). Duşuşykda Senegalyň gollarynyň 2-sini Sadio Mane (45+1, 48), beýlekileri-de Ndiaýe (64) bilen Diallo (85) geçirdi.
Kongo DR-niň ýygyndysy öz meýdançasynda Sudanyň ýygyndysyndan 1-0 hasabynda üstün çyksa-da, bu olaryň 52 ýyldan soň Dünýä Kubogyna gatnaşmagy üçin ýeterlik bolmady.
“F” toparçada Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy 10-njy duşuşygynda Keniýanyň ýygyndysyny 3-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Kessi (7), Diomande (54) hem-de Dialla (84) tapawutlanyp, utugyny 26-a ýetirip, 12 ýyldan soň Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bu olaryň 4-nji synanyşygy bolar (2006, 2010, 2014, 2026). Gabonyň ýygyndysy öz meýdançasynda Burundiniň ýygyndysyny 2-0 hasabynda ýeňse-de, bu olara ýeterlik bolmady.
“C” toparçada 3 ýygyndynyň arasynda soňky oýunlara çenli ýiti göreş dowam edip, Beniniň ýygyndysy 1-nji orunda barýardy. Ýöne Beniniň ýygyndysy 3-nji ýerdäki Nigeriýanyň ýygyndysyndan 4-0 hasabynda asgyn geldi. Wiktor Osimheniň het-trik eden duşuşygyndan soň Nigeriýanyň ýygyndysyna bu ýeňiş ýeterlik bolmady. Ruandanyň milli toparynyň derwezesinden jogapsyz 3 gol geçiren Günorta Afrikanyň milli topary toparçada 1-nji orna beýgeldi. Şunlukda, Günorta Afrikanyň milli topary 18, Nigeriýanyň ýygyndysy 17, Beniniň ýygyndysy 17 utuk bilen saýlama tapgyrynyň oýunlaryny tamamlady. Günorta Afrikanyň ýygyndysy 16 ýyldan soň 4-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar. Olar mundan öň 1998-nji, 2002-nji hem-de 2010-njy ýyllarda Dünýä Kubogyna gatnaşypdylar.