1-nji sentýabrda Bişkek şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) ýubileý sammiti geçirildi we guramanyň döredilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanan Bişkek jarnamasyna hem-de 30 töweregi möhüm resminama gol çekildi. Guramanyň döredilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanan bu abraýly çärä ŞHG-niň agza 10 döwletiň ählisiniň ýolbaşçylary gatnaşyp, duşuşyk «ŞHG 25 ýyl: parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň ýolunda bilelikde» şygary astynda geçdi.
Sammitiň esasy güni bolan 1-nji sentýabrda ilki bilen ŞHG-niň Geňeşiniň mejlisi geçirildi, soňra bolsa «ŞHG Plus» formatyndaky duşuşyklar bilen dowam etdirildi. Ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň hatarynda agza döwletleriň howpsuzlygyna garşy ýüze çykýan wehimlere we howplara garşy göreşmek boýunça Ählumumy merkez hakyndaky Düzgünnamasy, portlary we logistika merkezlerini ösdürmegiň 2026–2030-njy ýyllar üçin meýilnamasy bar.
Şeýle hem ýadro we fiziki ýadro howpsuzlygyny üpjün etmegiň hatyrasyna köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hakyndaky Deklarasiýa, energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky Geňeşiň beýannamasy hem-de ŞHG-niň «Ýaşyl tehnologik geçelgesini» emele getirmegiň 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasy tassyklanyldy. Bişkek deklarasiýasyna laýyklykda, agza döwletler Eýranyň özygtyýarlylygyna doly goldaw berýändiklerini mälim edip, jedelli meseleleriň diňe diplomatik usullar arkaly kadalaşdyrylmagyna çagyrdylar.
Mundan başga-da, duşuşykda guramanyň 2002-nji ýylyň 7-nji iýunyndaky Tertipnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky teswirnama gol çekildi. Taraplar neşe serişdelerine garşy göreşmek boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyny, sintetik neşeleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça utgaşdyryjy çäreleriň 2030-njy ýyla çenli maksatnamasyny hem-de biodürlüligi gorap saklamak boýunça ŞHG-niň başlangyjyny makulladylar. Sammitiň dowamynda sebitleýin howpsuzlyk meselelerinden başlap, ykdysadyýetde emeli aňy peýdalanmak ýaly giň gerimli we wajyp ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) 2001-nji ýylyň 15-nji iýunynda döredildi. Häzirki wagtda guramanyň agza döwletleriň hataryna Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Özbegistan, Pakistan, Hindistan, Eýran we Belarus Respublikasy girýär.
PDF








