14-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry bi­len ge­çen ýy­lyň tom­sun­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ren du­şu­şy­gy­ny ýa­kym­ly duý­gu­lar bi­len ýat­la­ýan­dy­gy­ny, bu du­şu­şy­gyň örän peý­da­ly we ne­ti­je­li bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di hem-de müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, oňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň sa­la­my­ny, uly hor­mat goý­ýan­dy­gy ba­ra­da­ky söz­le­ri­ni ýe­tir­di.
An­to­niu Gu­ter­riş hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, öz ge­ze­gin­de, hormatly Prezidentimize mä­hir­li sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di hem-de BMG-niň se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da çy­kyş ed­ýän Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le-de ol Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­ga, aba­dan­çy­ly­ga, dur­nuk­ly ösü­şe gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sa­ty­na, bu ugur­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri şu ýyl Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ştab-kwar­ti­ra­syn­da Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na ba­dal­ga be­ril­ýän­di­gi­ni, Türk­me­nis­ta­nyň bu wa­ka şu ýyl dö­re­dil­me­gi­niň 80 ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýän BMG-niň ta­ry­hyn­da mö­hüm, aý­ra­tyn tap­gyr hök­mün­de ga­ra­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýy­lyň ta­ry­hy se­nä – Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy­na ga­bat gel­me­gi­niň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.
BMG bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan meýilnamalar
taýýarlanyldy
Te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­ny 2025-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ama­la aşy­ryl­ma­gy göz öňü­nde tu­tul­ýan me­ýil­na­ma­lar bi­len ta­nyş­dyr­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň do­wa­myn­da­ky iş­le­ri­niň we ile­ri tut­ýan ugur­la­ry­nyň Kon­sep­si­ýa­sy taý­ýar­la­nyl­dy. Bu res­mi­na­ma­da ýur­du­my­zyň hä­zir­ki za­ma­nyň äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň esa­sy me­se­le­le­ri­ne ga­ra­ýyş­la­ry be­ýan edil­ýär. Şeý­le-de on­da öza­ra yna­nyş­mak, dia­log we jo­gap­kär­çi­lik esa­syn­da döw­let­le­riň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mek ba­ra­da ýur­du­my­zyň ga­ra­ýyş­la­ry kes­git­le­nil­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz bu ba­bat­da 2025-nji ýy­lyň öz­ge­riş­ler ýy­ly bo­lup bil­jek­di­gi­ni we bol­ma­ly­dy­gy­ny nyg­tap, BMG-niň Türk­me­nis­ta­nyň Kon­sep­si­ýa­da be­ýan edi­len mak­sat­la­ry­ny gol­da­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.
Bu Kon­sep­si­ýa taý­ýar­la­ny­lan­da, köp ba­bat­da BMG-niň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ge­çen ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ri­len «Gel­je­giň sam­mi­ti­niň» esa­sy maz­mu­ny­na esas­la­ny­lan­dy­gy aý­ra­tyn bel­le­nil­di. Şo­ňa gö­rä-de, Türk­me­nis­tan Kon­sep­si­ýa­ny şol sam­mi­tiň jem­leý­ji res­mi­na­ma­sy bo­lan «Gel­je­giň ha­ty­ra­sy­na pak­ty» dur­mu­şa ge­çir­mä­ge öz­bo­luş­ly go­şant ha­sap­la­ýar.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len Kon­sep­si­ýa­nyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, ony do­lu­ly­gy­na ma­kul­la­dy.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri öň­de dur­ýan iş­le­riň esa­sy ugur­la­ry ba­ra­da aý­dyp, howp­suz­lyk bi­len bag­ly me­se­lä ün­si çek­di hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da Äh­lu­mu­my howp­suz­lyk stra­te­gi­ýa­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­ny nyg­ta­dy. Gap­ma-gar­şy­lyk­ly ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­ma­gyň we ola­ry ara­dan aýyr­ma­gyň gu­ra­ly hök­mün­de öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny iş­jeň ulan­mak bu stra­te­gi­ýa­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da­dyr.

Sebit howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça dialogy
işjeňleşdirmek maksat edinilýär
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz BMG-niň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li ta­gal­la­la­ry­ny iler­let­mek üçin Bi­ta­rap­ly­gyň müm­kin­çi­li­gi­ni giň­den ulan­ma­gyň, äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek bi­len bag­ly yna­nyş­mak dia­lo­gy­nyň me­de­ni­ýe­ti­ni di­kelt­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz bu tek­lip­le­riň iş ýü­zün­de ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň dün­ýä­de sy­ýa­sy dart­gyn­ly­ly­gy azalt­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da se­bit howp­suz­ly­gy bi­len bag­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça dia­lo­gy iş­jeň­leş­dir­me­gi pug­ta mak­sat edin­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy. Anyk aý­dy­lan­da, gür­rüň Mer­ke­zi Azi­ýa­da­ky ýag­daý ba­ra­da bar­ýar. Biz Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ka­bul eden «Mer­ke­zi Azi­ýa – pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak we hyz­mat­daş­lyk zo­la­gy», «Mer­ke­zi Azi­ýa­da ýad­ro ýa­ra­gyn­dan azat zo­lak ha­kyn­da­ky Şert­na­ma» at­ly Ka­rar­na­ma­la­ry­na esas­lan­ma­gy mak­sat edin­ýä­ris di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy.
Mer­ke­zi Azi­ýa­da howp­suz­ly­gyň de­re­je­si we ýag­da­ýy köp ba­bat­da hä­zir­ki dö­wür­de se­bit gün ter­ti­bin­de dur­ýan me­se­le­le­riň giň top­lu­my­nyň ne­ti­je­li çö­zül­me­gi­ne bag­ly­dyr. Şo­la­ryň bi­ri-de suw bi­len bag­ly me­se­le­dir. Bu ugur­da ýur­du­my­zyň ga­raý­şy ge­çen ýy­lyň 3-nji de­kab­ryn­da Er-Ri­ýad­da ge­çi­ri­len «Bi­te­wi suw» sam­mi­tin­de anyk be­ýan edil­di. Türk­me­nis­tan Mer­ke­zi Azi­ýa­da suw bi­len bag­ly me­se­le­le­riň tu­tuş top­lu­my­na se­re­di­len­de hal­ka­ra hu­ku­gy ber­jaý et­mä­ge, se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň bäh­bit­le­ri­ni öza­ra na­za­ra al­ma­ga hem-de bu işe hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­ny çek­mä­ge esas­lan­ýan çe­me­leş­mä eýer­ýär. Bu ka­da­la­ryň bo­zul­ma­gy se­bi­tiň ýurt­la­ry üçin howp­ly bo­lup, eko­lo­gik, dur­muş-yk­dy­sa­dy, yn­san­per­wer ugur­lar­da ägirt uly tö­wek­gel­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.

Netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygy ösdüriler
Mil­li Li­de­ri­miz Ow­ga­nys­tan­da­ky ýag­daý ba­ra­da du­rup ge­çip, Bi­ta­rap döw­let hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň bu ýurt­da pa­ra­hat­çy­ly­gy we ra­ýat yla­la­şy­gy­ny ga­zan­mak, onuň yk­dy­sa­dy üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­ny di­kelt­mek, dur­muş me­se­le­le­ri­ni çöz­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry gol­da­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan Ow­ga­nys­tan­da hä­zir­ki tä­ze hä­ki­mi­ýet ba­bat­da oý­la­ny­şyk­ly, ha­ky­ky ýag­daý­dan ugur al­ýan sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýar. Şeý­le hem bu ýur­duň tä­ze hä­ki­mi­ýe­ti bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ga­ra­ýyş­la­ry­ny, hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edi­len çe­me­leş­me­le­ri na­za­ra alyp, dia­lo­gy sak­la­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ýur­du­myz ow­gan ta­ra­py­nyň gat­naş­ma­gyn­da iri yk­dy­sa­dy tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Pa­kis­tan – Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň, Ow­ga­nys­ta­nyň çä­gin­den Pa­kis­ta­na uza­jak elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň, Türk­me­nis­tan­dan ow­gan ug­ry bo­ýun­ça de­mir ýol­la­ryň gur­lu­şy­gy bar. Türk­me­nis­tan köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Ow­ga­nys­ta­nyň ila­ty­na yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­ni hem be­rip gel­ýär. Ýur­du­myz öz se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny ama­la aşyr­ýar di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bel­le­di we şeý­le kö­me­giň gel­jek­de-de üýt­gew­siz do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry Mil­li Li­de­ri­mi­ziň te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da be­ýan eden, dün­ýä­de we se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi, aba­dan­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len tek­lip­le­ri­niň we baş­lan­gyç­la­ry­nyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy hem-de ola­ry gol­da­dy.

Türkmenistanyň çäginde parahatçylyk dörediş işiniň merkezlerini döretmek teklibi
beýan edildi
Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy se­bit howp­suz­ly­gy ba­ra­da­ky me­se­lä ge­çip, bu ugur­da Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar­ýa­ka döw­let bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny hem göz öňün­de tut­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Şo­ňa gö­rä-de, Ha­zar deň­zi se­bi­tin­de howp­suz­ly­gyň ýag­da­ýy bi­zi ala­da goý­ýar. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri ýur­du­my­zyň ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň mas­la­ha­ty­ny ge­çir­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi öňe sü­ren­di­gi­ni aýt­dy we şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň bi­ta­rap döw­let­le­re Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li ta­gal­la­la­ryn­da «ile­ri tu­tul­ýan hyz­mat­daş» hu­kuk ýag­da­ýy­ny ber­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­na esas­la­nyp, ýur­du­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň pa­ra­hat­çy­lyk dö­ret­mek işi­ne jo­gap­kär dü­züm­le­ri bi­len iş­jeň iş alyp bar­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan et­di. Şu mak­sat bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­diş işi­niň iki mer­ke­zi­ni dö­ret­mek müm­kin­çi­li­gi­ne se­re­dip bo­lar. El­bet­de, bu ugur­da iş­ler Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­ny na­za­ra al­mak bi­len ama­la aşy­ry­lar di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bel­le­di we bu iş­le­riň esa­sy mak­sa­dy­nyň hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, şol san­da gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň öňü­ni al­mak bi­len bag­ly me­se­le­le­ri çöz­mek üçin bi­ta­rap­ly­gyň ka­da­la­ry­ny iş ýü­zün­de ulan­mak bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bilelikdäki işiň esasy ugurlary
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da­ky bi­le­lik­dä­ki işiň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­läp, Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň 2030-njy ýy­la çen­li Gün ter­ti­bi­niň we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len he­re­ket­le­ri mil­li de­re­je­de hem, ýur­du­my­zyň dur­nuk­ly ösüş ba­bat­da hal­ka­ra ta­gal­la­la­ra öz go­şan­dy­ny goş­ma­gy bi­len bag­ly hem iş­jeň­leş­dir­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň öňe sü­ren Ýa­pyk aý­la­ny­şyk­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek bo­ýun­ça äh­lu­mu­my Çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma­ny taý­ýar­la­mak, Dur­nuk­ly ulag ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň äh­lu­mu­my at­la­sy­ny hem-de Äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk bi­le­le­şi­gi­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­nyň Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ýar­dam edip bil­jek­di­gi nyg­tal­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň öz hyz­mat­daş­la­ry bi­len iri yk­dy­sa­dy, dur­muş, yn­san­per­wer, eko­lo­gi­ýa, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­le­ri çöz­mek bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­dir­jek­di­gi­ni tas­syk­lap, ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça dö­re­di­len «Türk­me­nis­tan – BMG» stra­te­gik mas­la­hat be­riş ge­ňe­şi­niň bu iş­ler­de gol­daw ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len giň yn­san­per­wer gün ter­ti­bi bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny, BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bi­len öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li ber­kit­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «Türk­me­nis­tan­da ra­ýat­syz­ly­gyň so­ňu­na çyk­mak bo­ýun­ça 2019 – 2024-nji ýyl­lar üçin He­re­ket­le­riň mil­li me­ýil­na­ma­sy­nyň» üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň ne­ti­je­le­ri­ne esas­la­nyp, ýur­du­my­zyň Mer­ke­zi Azi­ýa­da apat­rid­ler we bos­gun­lar bi­len iş­le­mek bo­ýun­ça tej­ri­be­si­ni hal­ka­ra de­re­je­de hem ulan­mak tek­li­bi be­ýan edil­di.

Hal­ka­ra fo­rum ge­çi­ri­ler
Şu ýyl bi­ziň öňü­miz­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň «2025-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len we Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan çä­re­le­riň giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­sy­ny ama­la aşyr­mak we­zi­pe­le­ri dur­ýar. Hal­ka­ra fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­me­gi öň­de bol­jak çä­re­le­riň esa­sy wa­ka­sy bo­lar di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy hem-de bu fo­ru­my şu ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň de­re­je­sin­de gu­ra­ma­gyň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Mil­li Li­de­ri­miz BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­ny uly hor­mat bi­len bu sam­mi­te gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy.
An­to­niu Gu­ter­riş 2025-nji ýy­lyň Türk­me­nis­tan­da «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, şu ýy­lyň Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na hem-de BMG-niň dö­re­dil­me­gi­niň 80 ýyl­ly­gy­na bes­len­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Baş sek­re­tar BMG-niň dü­züm bir­lik­le­ri­niň Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan gu­ral­jak hal­ka­ra çä­re­le­re iş­jeň gat­naş­jak­dyk­la­ry­ny bel­le­di.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri ýur­du­my­zyň Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi bi­len ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek tas­syk­la­dy hem-de Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ynam­dar hyz­mat­da­şy we pi­kir­de­şi, se­bit­de hem-de dün­ýä­de onuň yg­ty­bar­ly da­ýan­jy bo­lan­dy­gy­ny, bol­ýan­dy­gy­ny we şeý­le bol­ma­gyn­da-da gal­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Biz bu ga­raý­şyň aý­dyň tas­syk­na­ma­sy hök­mün­de Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ril­jek hal­ka­ra du­şu­şyk­lar­da we çä­re­ler­de öz mil­li baý­da­gy­myz bi­len bir ha­tar­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň baý­da­gy­nyň hem go­ýul­ma­gy­ny is­le­ýä­ris. Bi­ziň üçin bu buý­san­jyň ala­ma­ty, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ga­ra­ýyş­la­ry­nyň we mak­sat­la­ry­nyň bi­te­wü­li­gi­niň ny­şa­ny bo­lar di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz nyg­ta­dy.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de öňe sür­ýän äh­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň hä­zir­ki wagt­da örän der­wa­ýys­dy­gy­ny bel­le­di hem-de ýur­du­my­zyň bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da bu ugur­da dur­mu­şa ge­çir­ýän iş­le­ri­ni gol­da­ýan­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek tas­syk­la­dy.
Söh­bet­deş­li­giň ahy­ryn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­riş Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň ara­syn­da­ky stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, bi­rek-bi­re­ge iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.
Te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ge­çi­ril­di.