BMG-de her gün emeli aň kömekçilerden peýdalanýan adamlaryň sany barada aýtdylar

5

Her gün dünýäde bir milliarddan gowrak adam emeli aňyň gepleşik ulgamlaryny ulanýar. Olaryň arasynda «ChatGPT», «Claude» we «Gemini» bar diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň garaşsyz halkara ylmy toparynyň deslapky nutugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Nutukdan belli bolşy ýaly, häzirki wagtda EA ulgamlary işläp düzmäge ýurtlaryň we kompaniýalaryň az sanlysy tarapyndan gözegçilik edilýär. BMG-niň habaryna görä, emeli aň önümlerini döretmek üçin ulanylýan 500 sany öňdebaryjy superkompýuterleriň hasaplaýyş kuwwatlyklarynyň 75 göterimi ABŞ-nyň paýyna, 15 göterimi bolsa, Hytaýa degişlidir. Bu ýurtlaryň kompaniýalary ählumumy peýdalanmak üçin öňdebaryjy modelleriň täs ählisini döredýärler diýlip, nutukda bellenýär.