Bolgariýanyň Halk ýygnagy ýurduň Prezidentini we wise-prezidentini saýlamak boýunça saýlawlary 25-nji oktýabrda geçirmek hakynda degişli karary kabul etdi. Ýurduň parlamentiniň mejlisinde bu karary 138 deputat goldap ses berdi. Saýlawlaryň birinji tapgyrynda dalaşgärleriň hiç birisi zerur bolan sesi ýygnap bilmedik ýagdaýynda, saýlawlaryň ikinji tapgyry 1-nji noýabrda geçiriler.

Ýurduň Esasy Kanunyna laýyklykda, saýlawlar Prezidentiň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagyna iň azyndan iki ýa-da üç aý galanda geçirilýär. Häzirki döwlet Baştutanynyň ygtyýarlyk möhleti 2027-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda tamamlanýar. Häzirki wagtda döwlet Baştutany wezipesine iki dalaşgär resmi taýdan hödürlendi: olar häzirki Prezident Iliýana Ýotowa hem-de Bolgar daýhançylyk halk birleşiginiň başlygy, ozalky goranmak ministri Nikolaý Nençewdir. Mundan başga-da, öňki wagtlaýyn Premýer-ministr Andreý Gýurowyň we professor Daniel Wylçewiň hem öz dalaşgärligini görkezmegine garaşylýar.

Ses berlişigiň senesini kesgitlemek baradaky mesele Halk ýygnagynyň Başlyklyk geňeşiniň mejlisinde öňünden ylalaşyldy. Parlamentde geçirilen pikir alyşmalaryň dowamynda saýlawlaryň oktýabr aýynyň ahyrynda geçirilmeginiň amala aşyrylyşy hem-de raýatlaryň saýlaw işjeňligini ýokarlandyrmak babatda iň amatly möhletdigi bellenildi. Şeýle hem saýlaw senesiniň bellenilmegi bilen birlikde, deputatlar parlamentiň agzalarynyň awgust aýynyň 3-den 23-si aralygynda tomusky dynç alşa gitmegi baradaky tertipnamany hem tassykladylar.