GERB partiýasyndan Rosen Želýazkow üç aý dowam eden çekişmelerden soň resmi taýdan Bolgariýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlandy. Bolgariýanyň parlamenti merkezi sagçy GERB partiýasynyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa hökümetini resmi taýdan tassyklady. Şeýlelikde saýlawlardan üç aý töweregi wagt geçensoň hökümet döredildi.
Rosen Želýazkowyň dalaşgärligini 125 deputat goldady, 114 kanun çykaryjy garşy çykdy. 56 ýaşly hünärmen öňki birnäçe hökümetde hukukçy, parlamentiň başlygy ýaly wezipelerde işledi. Želýazkow maliýe durnuklylygyny dikeltmegi wada berýär. “Hökümet, bilime we saglygy goraýyşa ünsi jemläp, halkyň durmuş derejesini ileri tutar” diýip, Želýazkow aýtdy.
GERB partiýasy Želýazkowy 2009-njy we 2021-nji ýyllar aralygynda üç hökümete ýolbaşçylyk eden lider Boýko Borisowyň ornuna saýlady. Borisowyň üçünji Kabineti belli sebäplere görä, işinden çekildi. GERB geçen oktýabr aýynda geçirilen saýlawlarda birinji boldy, ýöne 240 orunlyk Milli parlamentde bary-ýogy 69 orna eýe boldy. Täze hökümetde 11 ministrlik ornuny eýelän GERB-iň öňki ministrleri we wezipeli adamlary agdyklyk edýär, Bolgar Sosialistik partiýasynyň we ITN partiýasynyň her biriniň dört ministri bar.