Bolgariýanyň Merkezi banky Ýewropa Bileleşiginiň umumy pul birligi bolan ýewronyň ilkinji nusgalaryny çykardy. Adamlar täze pul birligini almak üçin nobata durdular. 1-nji dekabrdan başlap täze pul birligi satylyp başlandy. Şeýle-de bolsa, bank häzirki wagtda bu pul birliginiň ýöremeýändigi ýatlatdy. Täze pul birliginde ýurduň taryhy we medeni gymmatlyklary şekillendirilipdir.
Ýurduň Parlamenti 2022-nji ýylda ýurduň ýewro pul birligine geçmegi baradaky teklibi oňlapdy. Şondan soňra täze pul birligine geçmek üçin degişli işler edilipdi. Ýewropa Bileleşiginiň degişli edaralarynyň rugsat bermegi bilen ýurtda 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, täze pul birligi dolanyşyga goýberiler. Täze pul birligine tapgyrlaýyn ýagdaýda geçiler. Bir aýyň dowamynda lewa hem-de ýewro dolanyşykda bolar. 1-nji ýanwardan başlap, bankomatlar diňe ýewro pul birligini berer. 1-nji fewraldan başlap, diňe ýewro ulanylar.