Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi Bolgariýanyň geljek ýylyň 1-nji ýanwarynda ýewro pul birligine geçmegine ygtyýar berdi. Şeýlelikde kanun taýdan ähli düzgünleşdiriji ädimler ädildi. Netijede, Bolgariýa ýewro sebitiniň 21-nji agzasy bolar. Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi agza ýurtlaryň maliýe ministrleriniň Bolgariýanyň geljek ýyldan başlap ýewro pul birligine geçmäge taýýardygyna göz ýetirendiklerini bellediler.
1 ýewro 1,95583 bolgar lewi diýlip kabul edildi. Ýewropa Parlamentinden geçirilen ses berişlikde hem Bolgariýanyň ýewro pul birligine geçmegi tassyklandy.
Golaýda Ýewropa Komissiýasy we Ýewropa Merkez Banky 2007-nji ýyldan bäri Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan Bolgariýanyň geljek ýylyň başyndan ýewro geçmäge taýýardygyny mälim edipdi.
1999-njy ýylda tanyşdyrylan ýewro 2002-nji ýyldan başlap, bu pul birligini kabul eden ýurtda töleg serişdesi hökmünde ulanylýar.
Ýewropada 340 million töweregi ilat bu pul birligini ulanýar. Mundan ozal 2023-nji ýylda Horwatiýa ýewro pul birligine geçipdi.
Ýewro pul birligini ulanýan ýurtlar Ýewro sebiti diýlip atlandyrylýar. Bu ýurtlaryň pul syýasaty Frankfurtda ýerleşýän Ýewropanyň Merkezi banky tarapyndan alnyp barylýar. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň ählisiniň ýewro ulanmaýşy ýaly, agza bolman bu pul birligini ulanýan ýurtlar hem bar.