Her ýyl geçirilýän 6 Uly marafon ýaryşynyň biri (ikinjisi) bolan Boston marafon ylgawynda keniýaly türgenler ýeňiji boldy. Erkekleriň arasynda Jon Korir ýaryşy 2 sagat 4 minut 45 sekuntda tamamlap, Çikago 2024-den soň karýerasyndaky 2-nji Uly marafon bäsleşiginde ýeňiş gazandy. Korirden 19 sekunt yza galan tanzaniýaly Alfonse Simbu hem-de watandaşy Sibrian Kotut 2-3-nji orunlary eýelediler.

Zenanlaryň arasynda keniýaly Şaron Lokedi 2 sagat 17 minut 22 sekuntda pellehanadan geçip, bu gezek altyn medala mynasyp boldy. Ol geçen ýyl 2-nji ýeri eýeläpdi. Bu onuň Nýu Ýork 2022-den soň Uly marafonlardaky 2-nji çempionlygydyr. 2023-nji we 2024-nji ýyllaryň çempiony, keniýaly Hellen Obiri bu sapar kümüş medal bilen oňňut etmeli boldy. Efiopiýaly Ýalemzerf Ýehualaw ýaryşy 2 sagat 18 minut 6 sekuntda tamamlap, münberiň 3-nji basgançagyna çykdy.