6-njy iýulda Rio-de-Žaneýroda açylan BRICS-iň 17-nji sammitinde bileleşige agza ýurtlaryň liderleri dünýä syýasatynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu maslahata birnäçe agza döwlet diňe ministr derejesinde wekilçilik edýär. Hytaýyň we Russiýanyň liderleri bolsa sammite gatnaşmadylar. Braziliýanyň Prezidenti Lula da Silwa öz çykyşynda, esasan, emeli aň we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijeleri barada durup geçdi.
-Eger-de halkara ýolbaşçylygy XXI asyryň köp polýarly hakykatyny görkezmeýän bolsa, BRICS topary onuň täzelenmegine goşant goşmalydyr – diýip, Lula da Silwa belledi.
Şu gezek Hytaý tarapyna Döwlet geňeşiniň premýeri Li Sýan, rus wekiliýetine bolsa, daşary işler ministri Sergeý Lawrow ýolbaşçylyk etdi. Wladimir Putin bu maslahata wideo baglanyşygy arkaly gatnaşdy. Rus lideri, häzirki wagtda bileleşigiň ýurtlarynyň arasynda syýasat, ykdysadyýet, medeniýet we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösýändigini, şeýle hem onuň dünýä arenasyndaky täsiriniň güýçlenýändigini hem-de ägirt uly mümkinçilige eýedigini belläp geçdi.
Putin öz çykyşynda BRICS-iň Ýer togalagynyň ilatynyň diňe ýarysyny eýelemän, eýsem, dünýä ykdysadyýetiniň 40 göterimini emele getirýändigini belläp geçdi. Rus Lideriniň pikirine görä, milli girdejisi 77 trillion dollar bolan bu topar, 57 trillion dollar milli girdejisi bolan G7-den ep-esli uludyr.
Bileleşige başlyklyk edýän Braziliýa sammit üçin saglygy goraýyş, söwda, maýa goýum we maliýe, howanyň üýtgemegi, emeli aňyň dolandyrylyşy, parahatçylygy goramak we howpsuzlyk, şeýle-de institusional ösüş ýaly strategik taýdan ileri tutulýan ugurlary saýlady. Bu maslahat noýabr aýynda Amazonkanyň demirgazygyndaky Belem şäherinde geçiriljek COP30 sammitiniň öňüsyrasynda klimat boýunça gün tertibini we daşky gurşawy goramak baradaky borçnamalary öňe sürmäge mümkinçilik döredýär.