Kofeniň dünýä önümçiligi bu ýylky möwsümde sarp ediliş möçberinden 8-10 million halta artyk bolup biler. Bu barada Braziliýanyň Kofe eksport edijiler geňeşiniň başlygy Marsiu Ferreýra habar berdi.

«Bu ýylky kofe möwsüminde dünýä önümçiligini we sarp edilişini hasaba almak bilen, kofeniň 10 million halta artykmaç önümçilige garaşylýar. Braziliýany hem hasaba almak bilen, hasyllylygyň peselmegi netijesinde ol 8 million halta deň bolup biler» diýip Ferreýra aýtdy.

Şol bir wagtda kofeniň artyk öndürilmegi onuň dünýä bazaryna çalt gowuşmagyna getirmez. Sebäbi brazil önümçilikleriniň maliýe ýagdaýy olary täze hasyly tiz satmaga mümkinçilik bermeýär, olar hasyl üçin has amatly nyrhlaryň emele gelmegine garaşýarlar diýlip, habarda bellenýär.