Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) başlygy Tedros Adanom Gebreýesus “MV Hondius” kruiz laýnerinde ýüze çykan “Andes” hantawirusynyň koronawirus pandemiýasyna meňzeş ýagdaýy döretmeýändigini mälim etdi. Onuň sözlerine görä, bu ýerde keseliň başga bir görnüşi barada gürrüň gidýär we onuň ýaýramak töwekgelçiligi ep-esli pesdir.
BSGG-niň ýolbaşçysy dünýä jemgyýetçiliginiň biynjalyklygynyň düşnüklidigini belledi, sebäbi COVID-19 pandemiýasynyň netijeleri köp ýurtlar üçin heniz hem duýgur mesele bolup galýar. Emma, onuň aýtmagyna görä, häzirki ýagdaý has ygtybarly gözegçilik astynda saklanýar.
Gebreýesus, şeýle hem, wirusyň has-da ýaýramak ähtimallygynyň halkara derejesinde-de, gäminiň barjak ýeri bolan Kanar adalarynyň ýaşaýjylary üçin-de pesdigini nygtady. Ol munuň sebäbini wirusyň özüne mahsus aýratynlyklary we mümkin bolan töwekgelçilikleriň öňüni almak üçin Ispaniýanyň häkimiýetleri tarapyndan görlen howpsuzlyk çäreleri bilen düşündirdi.
Mundan ozal, içinde hantawirus ojagy bolan “MV Hondius” laýneriniň Kanar adalaryna gelip leňňerini taşlajakdygy habar berlipdi.
PDF









