Paýtagtymyz Aşgabatda seýilgähleriň we tokaý meýdanlarynyň sany ýylsaýyn artýar. Seýilgählerde tut, çynar, leýlisaç, arça bilen bir hatarda, akasiýa, klýon, pawlowniýa ýaly beýleki agaçlar hem ekilýär. Şäherde ekilýän bezeg agaçlarynyň biri hem pirakanta bolup, owadan ak güli, alma şekilli kiçijik miwesi bilen tebigatyň gelşigini artdyrýar. Pirakanta Gündogar Aziýada we Günorta Ýewropada giňden ýaýran gyrymsy agaç bolup, onuň 10 görnüşiniň bardygy aýdylýar. Boýy 3 metre çenli ýetýän hemişe gök öwüsýän bu gyrymsy agajyň şahalary tikenli bolýar. Mart-maý aýlarynda gülleýän pirakantanyň sentýabr-noýabr aýlarynda hasyly ýetişýär. Bu ösümligiň gyzyl, sarymtyl-mämişi miwesiniň hoşboý ysy we özboluşly tagamy bolýar. Oňa Ýewropada «ömri halas ediji däne» ýa-da «fakel miwesi» hem diýilýär.
Pirakantany islendik toprak şertine çalt uýgunlaşýandygy sebäpli ekerançylyk ýerleri bilen bir hatarda, daşly hem-de çölleşen toprakda ekip bolýar. Kökünde we baldagynda peýdaly maddalary saklaýan bu ösümlik ýeri baýlaşdyrýar. Kiçijik alma irki döwürlerden bäri halk lukmançylygynda ulanylyp gelinýär. Pirakanta miwesi diş agyryda, immuniteti güýçlendirmekde we böwregi arassalamakda peýdalanylýar. Ownujak gyzyl we sary miweler guşlar üçin hem iýmit bolup hyzmat edýär.
PDF









