Asly wengriýaly britan ýazyjysy Dewid Soloý “Flesh” romany üçin 2025-nji ýylyň Buker baýragyna mynasyp boldy. Emin agzalarynyň başlygy Roddi Doýl komitetiň hiç haçan şeýle üýtgeşik esere gabat gelmändigini belläp, ony gaýgy-hasratly, ýöne özüne çekiji eser hökmünde baha berdi.
Bu romanda Iştwan atly erkek kişiniň Wengriýada geçiren ýaşlygyndan Londonyň ýokarky jemgyýete çenli geçen durmuş ýoly beýan edilýär. Soloý Londonda guralan dabarada 50 müň funt sterling möçberindäki baýragy aldy.
Soloý soňky tapgyrda Endrýu Milleriň romanyndan we 2006-njy ýylyň ýeňijisi Kiran Desaiden öňe saýlandy. “Flesh” mart aýynda çap edileninden bäri köp sanly muşdaklaryny özüne çekdi. Esere baha beren ýazyjy zenan Zadi Smitiň aýtmagyna görä, käbir ýazyjylar öz gahrymanlaryna örän çylşyrymly içki durmuşy siňdirýärler, ýöne Soloý öz başyna gelen wakalar barada az pikir edýän we şonuň üçin hem realistik görünýän baş gahrymany döretmäge tagalla edipdir.
51 ýaşly Soloýyň bäş kitaby çap edildi. Olaryň arasynda “London we Günorta-Gündogar”, “Turbulence” we “All That Man Is” atly kitaplary bar. Soloý bu baýragy alan ilkinji britan-wenger ýazyjysy boldy, emma asly wengeriýaly başga bir ýazyjy Laslo Krasnahorkaý 2015-nji ýylda halkara Buker baýragyna mynasyp bolupdy. Krasnahorkaý geçen aý edebiýat boýunça Nobel baýragyna hem eýe boldy.
Buker baýragy her ýyl Beýik Britaniýada ýa-da Irlandiýada neşir edilen iňlis dilindäki iň gowy kitap üçin berilýär. Geçen ýyl bu baýraga britan ýazyjysy Samanta Harwi “Orbitada” atly romany bilen mynasyp bolupdy.
PDF









