Germaniýanyň çempionatynda bassyr 2-nji gezek ýer eýelerine ýeňiş gazanmak başartmady. Geçen tapgyrda 9 oýnuň 8-sinde myhmanlar ýeňiş gazanyp, 1 oýun deňlikde tamamlanypdy. Bu gezek 9 duşuşygyň 5-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy we 4 duşuşykda-da ýeňiş gazanan bolmady. Sanawyň lideri “Bawariýa” öz meýdançasynda “Bohumdan” 2-0 öňe saýlanandygyna garamazdan, 3-2 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Gerreýrunyň 14-nji we 28-nji minutlardaky gollary bilen öňe geçen “Bawariýadan” Gnabriniň 22-nji minutda ýerine ýetiren penaltisi sütüne degdi. 31-nji minutda Mediçiň goly bilen “Bohum” aratapawudy 1 gola düşürdi. 43-nji minutda bolsa “Bawariýadan” Palinýa gyzyl kart aldy. 51-nji minutda Sissokonyň goly esasynda myhmanlar hasaby deňledi. 71-nji minutda-da Bero “Bohuma” ýeňiş getiren oýunçy boldy. “Bawariýa” şu möwsümde öz meýdançasynda ilkinji gezek utuldy. “Bawariýa” topary esaslandyrylmagynyň 125 ýyllygy mynasybetli çäreleriniň çäginde janköýerlerine ýeňiş sowgat berip bilmedi.
Edil “Bawariýa” ýaly “Baýer” hem öz meýdançasynda “Werderden” 2-0 hasabynda asgyn geldi. Bremenlileriň gollaryny 7-nji minutda Şmid bilen 90+4-nji minutda Nžinma geçirdi.
Dortmundyň “Borussiýasynyň” şowsuzlygy dowam edip, olar öz meýdançasynda “Augsburgdan” Gauweleuwyň 23-nji minutdaky ýeke-täk goly esasynda ýeňildi.
“Bundesligada” soňky 18 ýylda, ýagny 2006/07 möwsüminden bäri ilkinji gezek “Bawariýa”, “Baýer” hem-de “Borussiýa Dortmund” üçüsi 1 tapgyrda ýeňlişe sezewar boldy.
Borussiýa M – Maýns: 1-3 (Laýner 73 – Nebel 39, Kor 49, Amiri 77),
Baýer – Werder: 0-2 (Şmid 7, Nžinma 90+4),
Bawariýa – Bohum: 2-3 (Gerreýru 14, 28 – Mediç 31, Sissoko 51, Bero 71),
Borussiýa D – Augsburg: 0-1 (Gauweleuw 23),
Wolfsburg – Sankt-Pauli: 1-1 (Amura 70 p – Wan de Heýden 38),
Holştaýn – Ştutgart: 2-2 (Skribski 30, 46 – Leweling 15, Demirowiç 55),
Fraýburg – Leipsig: 0-0,
Aýntraht – Union Berlin: 1-2 (Batşuaýi 13 – Kwerfeld 62, U Ýon Çon 78),
Hoffenhaým – Haýdenhaým: 1-1 (Tabakowiç 34 – Ziwziwadze 65)