Ýarym finalyň iki lapykeç topary Fransiýa bilen Angliýanyň ýygyndysy bolsa özleri üçin göwün beriji hasaplanýan bürünç medal duşuşygyna çykarlar. Bu duşuşyk şenbe güni ýarygijeden soň 02:00-da başlanar. Duşuşyk Maýami Gardensdäki Hard Rock Stadium-da oýnalar. Oýna wenesuelaly Hesus Walensuela eminlik eder.
Bu duşuşyk olaryň arasyndaky 33-nji oýun bolar. Öňki 32 oýunda Angliýa 17, Fransiýa 10 gezek ýeňiş gazanyp, 5 duşuşyk deňlikde gutardy (gollarda 72-41 iňlisler öňde). Fransiýa bilen Angliýa Dünýä Kubogynyň çäginde 3 gezek duşuşyp, 1966-njy we 1982-nji ýyllarda toparçalarda iňlisler 2-0 hem-de 3-1 hasaplar esasynda ýeňipdi. Geçen çempionatda çärýek finaldaky oýunda Fransiýa 2-1 hasabynda üstün çykypdy.
Fransiýa 1958-nji we 1986-njy ýyllarda bürünç medaly gazanyp, 1982-nji ýylda 4-nji orny eýeledi. Angliýa bolsa bürünç medal ugrundaky 2 duşuşykda-da Italiýadyr (1990) Belgiýadan (2018) asgyn geldi.
PDF









