Her ýylyň 16-njy oktýabrynda dünýäniň 150-den gowrak ýurdunda Bütindünýä azyk güni bellenilip geçilýär. Düýn «Has oňat iýmit we has gowy geljek üçin el-ele» şygary bilen bellenilip geçilen bu sene mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy guramasy (FAO) tarapyndan maslahatlar, forumlar, pikir alyşmalar we köpçülikleýin çäreler geçirildi. Bu ýyl FAO-nyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelen bütindünýä baýramçylygynda howanyň üýtgemegi, ykdysady çökgünlik we deňsizlik ýaly meseleler babatda pikir alşyldy. Bütindünýä azyk gününiň bellenilip geçilmeginiň esasy maksady oba-hojalyk önümleriniň öndürilişine gözegçilik etmek, her bir adamyň sagdyn iýmitlenmegini üpjün etmek we azyk önümleriniň hilini üýtgetmezden geljek nesillere ýetirmek bolup durýar.
Ösüp barýan ýurtlaryň köpüsinde oba hojalygy pudagy ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji hasaplanýar. Oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, innowasion tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de birek-birege ýardam bermek FAO-nyň esasy üns berýän meseleleri bolup durýar. Dünýä ilatynyň köpelmegi bilen oba hojalyk önümlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga zerurlyk duýulýar. Şu nukdaýnazardan, FAO klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek, azyk ýitgileriniň öňüni almak, guraklygyň täsirini azaltmak we käbir oba hojalyk ekinleriniň ýitmek howpunyň öňüni almak babatda birnäçe işleri alyp barýar. FAO-nyň hünärmenleri global iýmit zynjyryny gowulandyrmak, azyk ýitgilerini we galyndylary azaltmak üçin köpçülikleýin tagalla etmelidigini belleýärler.
FAO-nyň 1979-njy ýylyň noýabr aýynda geçirilen 20-nji umumy mejlisinde 16-njy oktýabr – Bütindünýä azyk güni diýlip yglan edilýär. Bu sene Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy guramasynyň döredilen gününi (16.10.1945ý.) köpçülikleýin bellemek maksady bilen döredilýär.
Dünýäde iň köp sarp edilýän azyk önümleriniň arasynda tüwi, towuk eti, ýumurtga, çörek, balyk, ýeralma, süýt, alma, aş önümleri, gök-bakja we däne önümleri öňdeligi eýeleýär. Dünýäde her ýyl 4 milliard tonna töweregi iýmit iýilýär.