2026-njy ýylyň maý aýynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda Bütindünýä şäher forumynyň (WUF13) 13-nji mejlisi geçiriler. Bu barada Keniýanyň paýtagty Naýrobide geçirilen BMG-niň ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) ikinji mejlisinde mälim edildi edildi.
Maksatnamanyň ýerine ýetiriji direktory Anaklaudia Rossbah, WUF13-iň dünýädäki ýaşaýyş jaý meselesini çözmegiň aýratyn zerurlygyna we şäherleriň durnukly ösüşinde onuň esasy ornuna dünýäniň ünsüni çekjekdigini habar berdi.
-Bu forum BMG-niň iň uly platformalarynyň biri bolup, pikir alyşmak, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, şeýle hem Täze şäher maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryna we Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, durnukly şäherleri we jemgyýetleri ösdürmek üçin gyzyklanýan taraplary bir ýere jemleýär. WUF13 forumy “Dünýädäki ýaşaýyş jaý gurluşygy: howpsuz we durnukly şäherler we jemgyýetler” mowzugy astynda geçirilip, ýaşaýyş jaýlaryny has giň şäher ulgamlaryna birleşdirýän amaly çözgütlere ünsi jemlär – diýip, Rossbah aýtdy.
WUF13 forumynyň milli utgaşdyryjysy we Azerbaýjanyň şäher gurluşyk we binagärlik boýunça döwlet komitetiniň başlygy Anar Guliýew 5 günlük forumyň üstünlikli bolmagyny üpjün etmek üçin ýurduň hökümetiniň hyzmatdaşlaryň giň toparlary bilen ýakyndan işleşmäge taýýardygyny aýtdy. Bütindünýä şäher forumy döredilen gününden bäri dünýäniň 12 şäherinde geçirildi.