Bütindünýä ykdysady forumy Dawosa dolanýar

53

Global ykdysady we syýasy sammitleriň iň esasylarynyň biri hasanlanýan Bütindünýä Ykdysady Forumy gaýtadan Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçiriler.

Şu ýyl koronawirus pandemiýasy sebäpli Bütindünýä ykdysady forumy Şweýsariýada däl-de, Singapurda geçirilmeli edilipdi. 17-20-nji awgust aralygynda geçirilmeli halkara sammit pandemiýa bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň global maslahaty guramaga mümkinçilik bermeýändigi sebäpli ýatyrylypdy. Indi bolsa bu halkara maslahatyň ýene-de Dawosda geçirilmeginde karar edildi.

WEF-ni esaslandyryjy we başlygy Klaus Şwab dünýäniň näbellilikden we dartgynlylykdan doludygyny, şonuň üçin dünýä liderleriniň arasynda gepleşikleriň möhümdigini aýtdy.

Şeýlelikde, Bütindünýä ykdysady forumynyň (WEF) 2022-nji ýylyň 17-21-nji ýanwary aralygynda Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu barada guramanyň web sahypasynda habar berilýär.

-Ýolbaşçylaryň bilelikde işlemek we ynamy dikeltmek we global hyzmatdaşlygy giňeltmek jogapkärçiligi bar – diýip, Şwab öz çykyşynda belledi.

Ýatlap geçsek, WEF-iň 2021-nji ýyldaky ýygnagynyň ilki 25-28-nji maýda Singapurda geçiriljekdigi mälim edilipdi. Soňra bolsa, koronawirusyň täze ştammlarynyň peýda bolmagy sebäpli 17-20-nji awgusta süýşürildi. Indi bolsa, bu maslahat hem ýatyrylyp, ozalky geçýän ýeri bolan Dawosda geçirilmegi makul bilindi.

Dawos Sammitine her ýyl 120 töweregi ýurtdan 3 müň işewür, syýasatçy, akademik we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşýar.