Hemişe Şweýsariýada guralýan Bütindünýä ykdysady forumy (WEF) indiki ýyl ilkinji gezek Singapurda geçiriler. Bu barada WEF-iň ýerine ýetiriji direktory Adrian Monk mälim etdi.
– Bütindünýä ykdysady forumy her ýylda guraýan ýörite maslahatyny 2021-nji ýylyň 13-16-njy maý aralygynda Singapurda geçirer. Maslahatyň geçirilýän ýerini üýtgetmek baradaky karar dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglanyşykly kabul edildi. Duşuşygy geçirmek üçin Singapur iň amatly ýer diýlip karara gelindi – diýip, Adrian Monk belledi. WEF-iň Singapurda gurajak maslahatynyň global dikelişe bagyşlanan ilkinji global çäredigini bellän Adrian Monk, bu forumyň dünýäniň iň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp düzmekde aýratyn ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.
-Singapur sammiti dikeldiş işlerini nähili tertipde alyp barmalydygymyzy maslahatlaşmak üçin möhüm esas bolup hyzmat eder. Maslahatyň dowamynda dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar başlaly bäri işewürler, hökümet we raýat jemgyýetleriniň ýolbaşçylary ilkinji gezek ýüzbe-ýüz duşuşarlar – diýip, WEF-iň başlygy we esaslandyryjy Klaus Şwab aýtdy. Şeýle hem ol bu maslahatyň 2022-nji ýylda ýene-de Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçiriljekdigi habar berdi.
WEF mundan ozal, däp bolup gelýän Dawos hepdeligini 2021-nji ýylyň 25-29-njy ýanwaryna onlaýn tertipde geçirmegi meýilleşdiripdi. Çäräni guraýjylar bu maslahatda esasan, özara ynamy dikeltmek, 2021-nji ýyl üçin zerur ýörelgeleri, syýasatlary we hyzmatdaşlygy işläp düzmek ýaly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny habar beripdi.