Gyş pas­ly kä­bir ýurt­lar­da has so­wuk bol­ýar. So­wuk­da der­ýa­lar, köl­ler we ýap­lar doň­ýar. Adam­lar do­ňan der­ýa­lar­da bu­zy de­şip, onuň aşa­gyn­dan ba­lyk tut­ýar­lar. Bu­zuň üs­ti bol­sa, taý­mak üçin amat­ly bol­ýar. Ka­na­da­nyň paý­tag­ty Ot­ta­wa şä­he­rin­den geç­ýän Ri­do ka­na­ly hem gyş pas­lyn­da oýun meý­dan­ça­sy­na öw­rül­ýär. 1832-nji ýyl­da gur­lan 202 ki­lo­metr­lik suw des­ga­sy ýur­duň paý­tag­ty bi­len Kings­ton şä­her­le­ri­ni bi­rik­dir­ýär. Ka­nal dö­re­di­len­den soň­ra onuň ke­na­ryn­da iri şä­her eme­le ge­lip­dir. Ka­na­lyň su­wy On­ta­rio kö­lü­ne guý­ýar. Onuň kö­le guý­ýan ýe­rin­de 12 metr­lik şag­la­wuk eme­le gel­ýär. Tom­su­na ka­nal­da ýo­lag­çy we ge­ze­lenç gä­mi­le­ri­ni gör­mek bol­ýar. Gy­şy­na has so­wuk bol­ýan bu şä­her­de ka­na­lyň su­wy hem doň­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, şä­he­riň ete­gin­de ka­na­lyň Do­us kö­lü­ne bi­rig­ýän ýe­rin­de 7,8 ki­lo­metr­lik buz meý­dan­ça­sy eme­le gel­ýär. Şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry umu­my meý­da­ny 90 hok­keý meý­dan­ça­sy­na ba­ra­bar bo­lan bu ýer­de ta­ýyp oý­na­ýar­lar. Her ýyl­da bu ýer­de gyş fes­ti­wa­ly hem ge­çi­ril­ýär. Fes­ti­wa­lyň çäk­le­rin­de dür­li ýa­ryş­lar gu­ral­ýar, aý­dym-saz çy­kyş­la­ry bol­ýar. Şeý­le hem heý­kel­ta­raş­lar buz­dan we gar­dan dür­li şe­kil­le­ri ýa­sa­ýar­lar. Ka­nal 2007-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­ýär.
Mäh­ri­ban ça­ga­lar! Do­ňan der­ýa­dyr ýap­lar­da­ky bu­zuň üs­tün­de ýö­re­me­giň howp­lu­dy­gy­ny ýa­dy­ňyz­dan çy­kar­maň! Şeý­le ýag­daý­da ýu­ka buz gat­la­gy­nyň dö­wül­me­gi müm­kin.