Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaş nesil hakdaky alada yzygiderli kämilleşýär. Çagalaryň berk bedenli, sagdyn düşünjeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwlet tarapyndan çagalaryň durmuş taýdan goraglylygy üpjün edilýär, saglygyny dikeltmekleri ýaly işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň alyp barýan nusgalyk işlerini bellemek gerek.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we beýleki milli maksatnamalarda, konsepsiýalarda, strategiýalarda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, Diýarymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda häzirki zaman bilim edaralary gurulýar, maksatnamalar, okuw kitaplary we gollanmalar kämilleşdirilýär, bilim bermegiň täze usullary özleşdirilýär.
Şu nukdaýnazardan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklary esasynda Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasyny gurmak meýilleşdirilip, Aşgabatda gurulýan «Güneşli» Çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde gurmak maksadalaýyk hasaplandy.
Bu baýry medeniýet ojagy çagalar edebiýatynyň milli gaznasy bolmak bilen, eziz Diýarymyzdaky çagalar kitaphanalary we mekdep kitaphanalary üçin usulyýet merkezi bolup hyzmat edýär. Kitaphanada kataloglar ulgamy döredilýär, ýaş okyjylaryň okaýşyna ýolbaşçylyk etmegi gowulandyrmak maksady bilen köp çäreler amala aşyrylýar.
B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy çagalar edebiýatynyň baý hazynasyna eýedir, olaryň hatarynda kitaplar, žurnallar, gazetler, ses ýazgyly materiallar, türkmen, rus, şeýle hem beýleki dillerdäki neşirler bar. Her ýyl kitaphananyň üsti täze neşirler bilen ýetirilip durulýar.
Bagtyýar çagalaryň ýüzündäki şatlyk hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän, ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeklerine, saglygyna hem-de abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň anyk beýanydyr.
Nabat MEZILOWA,
B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bölüm müdiri.