Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň azyk bolçulygy üpjün edilýär. Halkyň isleg bildirýän azyk önümlerini öndürmäge, dürli azyklyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, bugdaýdan bol hasyl almaga döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýär. Ýerden bol hasyl almagyň, ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň usullary ylmy tarapdan öwrenilip kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň howa-toprak şertlerine görä, bugdaýdan bol hasyl almakda onuň seleksiýa işleri ekerançy alymlarymyz tarapyndan çuňňur öwrenilip, bu ugurdan ylmy işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Şeýlelikde, bugdaý dänesiniň sortlary köpeldilýär. Bu bolsa ak bugdaýyň bol hasylyny kemala getirmäge giň mümkinçilik döredýär.
Ak bugdaýyň Watany bolan eziz Diýarymyzda, türkmen topragynda gadymy wagtlardan bäri bugdaýyň iňňän tagamly, bol hasyly ösdürilip ýetişdirilipdir. Üstünden agyr kerwenler dünýäniň çar künjüne ýol salan türkmen topragynda ýetişdirilen bugdaýyň at-owazasy äleme ýaýrapdyr. Orta asyr jahankeşdeleriniň belleýşi ýaly, türkmen topragynda öndürilen bugdaý Gürgeniň üsti bilen arap ýurtlaryna, ondan hem Wizantiýa çenli baryp ýetipdir.
Ýylyň-ýylyna bereketli toprakdan bol hasyl almagyň hötdesinden gelýän daýhanlarymyzyň armazakly işleri netijesinde şu ýyl bugdaý hasylynyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Eziz Diýarymyzda bugdaý gadymy döwürlerden bäri ekilip gelinýär. Şonuň üçin hem gallaçylyk, galla ekini babadaýhanlarymyzdan gelýän asylly ýörelgedir.
Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklandy. «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigine bolsa, ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talabalaýyk guramak arkaly orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Ýokary tehnologiýaly tehnikalaryň dürli görnüşleri satyn alynýar. Däne ýygnaýan döwrebap kombaýnlar işledilýär. Oba hojalyk hünärmenleriniň tassyklamalaryna görä, birnäçe ýyldan soňra ekerançylykda ekin we tohum çalşygyny geçirmek möhüm bolup durýar. Hut şu maksat bilen Russiýa Federasiýasyndan bugdaýyň «Alekseýiç» hem-de «Bezostyý-100» sortlary getirilip, synag üçin ekildi. «Alekseýiç» hem-de «Bezostyý-100» ýaly görnüşleri bilen birlikde türkmen alymlary tarapyndan döredilen «Berkarar», «Garaşsyzlyk», «Bagtyýarlyk», «Sähraýy», «Bitaraplyk» ýaly sortlary hem ekilýär. Oba hojalygyny depginli ösdürmek ýurdumyzyň içeri syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şol syýasat döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek we dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda wezipeleri çözmäge ýardam bermäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Çynar MELÄÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.