Te­le­wi­zor gel­ýän ses we şe­kil ýy­gy­ly­gy­ny elekt­ro­mag­nit tol­kun­la­ry ar­ka­ly ka­bul edip, ýag­ty­ly­gyň kö­me­gi bi­len ek­ran­da şe­kil­le­ri gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän elekt­ron en­jam­dyr.
Te­le­wi­zor adal­ga­sy grekçedäki «te­le» hem-de la­tynçadaky «visio» söz­le­ri­niň go­şul­ma­gyn­dan ge­lip çy­kyp, «gör­mek» di­ýen ma­ny­ny ber­ýär.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, il­kin­ji te­le­wi­zor 1923-nji ýyl­da şot­land in­že­ne­ri Jon Berd ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­pyl­ýar.
To­ma­şa­çy­lar te­le­wi­zo­ra il­ki­baş­da «güý­men­je gu­tu­sy» di­ýip at ber­ýär­ler.
1926-njy ýyl­da Ber­diň il­kin­ji te­le­ýaý­ly­my aç­ma­gy bi­len ek­ra­ny ak-ga­ra no­kat­lar­dan dü­zü­len bu en­ja­myň meş­hur­ly­gy ar­typ baş­la­ýar.
1936-njy ýyl­da Ber­lin to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň kä­bir bö­lek­le­ri il­kin­ji ge­zek te­le­wi­zor­da köp­çü­lik­le­ýin gör­ke­zil­ýär.
Il­kin­ji te­le­wi­zi­on ma­ha­bat 1941-nji ýyl­da beýs­bol oý­nun­da ýaýlyma ber­lip, on­da «Bu­lova» sa­gat­la­ry­nyň was­py ýe­ti­ril­ýär.
Il­ki­baş­da te­le­wi­zo­ryň gu­tu­syn­da ýaý­ly­my üýt­ge­dip bol­ýan düw­me­ler bo­lup, to­ma­şa­çy baş­ga ýaý­ly­my gör­mek üçin her ge­zek ýe­rin­den tur­ma­ly bol­ýar.
1950-nji ýyl­da uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan ka­bel­li pult, 1955-nji ýyl­da bol­sa sim­siz pult iş­le­nip dü­zül­ýär.
1954-nji ýyl­da ABŞ-da reňk­li te­le­wi­zor­lar ön­dü­ri­lip baş­lan­ýar.
1960-njy ýyl­lar­da te­le­ýaý­lym­lar ak-ga­ra ek­ran­dan reňk­li gör­nü­şe geç­ýär.
LCD teh­no­lo­gi­ýa­sy bo­lan il­kin­ji ýuka tele­wi­zor­lar 1990-njy ýyl­la­ryň ba­şyn­da ön­dü­ril­ýär.
Köp­le­riň iň ýa­kyn dos­tu­na öw­rü­len te­le­wi­zo­ryň hä­zir­ki wagt­da dür­li öl­çeg­dä­ki plaz­ma ek­ran­ly, ýo­ka­ry du­ru­lyk­ly, sen­sor­ly, USB por­ty bo­lan, hat­da üm he­re­ket­le­ri ar­ka­ly do­lan­dy­ryl­ýan «akyl­ly» gör­nüş­le­ri hem bar.
Her ýyl dün­ýä­de 200 mil­li­on tö­we­re­gi te­le­wi­zor ön­dü­ril­ýär.