Wengriýanyň hökümet başlygy Wiktor Orban ýurduň Milli parlamentinde eden çykyşynda Ýewropanyň iň giň salgyt ýeňillik maksatnamasyny durmuşa geçirjekdiklerini mälim etdi. Onuň sözlerine görä, 2 we 3 çagaly eneler girdeji salgydyndan ömürlik boşadylar. Hökümet başlygy bu ýeňilligiň 3 çagaly eneler üçin şu ýylyň oktýabr aýynda, 2 çagaly eneler üçin geljek ýylyň ýanwarynda ýola goýuljakdygyny aýtdy.