Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, çaýyň suwuň düzümindäki zyýanly metallary arassalaýandygy anyklandy. Häzire çenli çaýyň adam saglygyna peýdasy birnäçe gezek ýüze çykarylypdy. Amerikan alymlary düzüminde gurşun, mis, sink we kadmiý ýaly metallar bolan suw bilen gök, gara, ak, gyzyl çaý hem-de ulun, çopantelpek ýaly dermanlyk ösümlikleri demlediler. Alymlar çaý demlenenden näçe wagtdan soň onuň düzümindäki agyr metallaryň ýok bolýandygyny ölçediler. Çaý näçe köp demine goýulsa, düzümindäki zyýanly maddalaryň şonça hem azalýandygy anyklandy. Alymlar çaý ýaprajyklarynyň suwuň düzümindäki zyýanly maddalary saklap galýandygyny belleýärler. Çikagodaky Demirgazyk-günbatar uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlagynyň netijesi barada «ACS Food Science & Technology» žurnalynda makala çap edildi.
Gadam SÖÝEGOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.