Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu halkara çäre ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşine täze itergi bermek bilen bir hatarda, onuň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Açylyş dabarasynyň dowamynda “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň Gutlagy okaldy. Onda syýahatçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Sergä ýurdumyzyň hem-de dünýä döwletleriniň syýahatçylyk kompaniýalarynyň, pudaklaýyn edaralarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagy özara tejribe alyşmaga, täze taslamalar bilen tanyşmaga hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge giň mümkinçilik döredýär. Forumda syýahatçylyk kompaniýalary bilen bir hatarda, Belarus, Pakistan, Türkiýe we Uganda ýaly ýurtlaryň syýahatçylyk mümkinçilikeri bilen tanyşdyrýan diwarlyklar hem bar. Maslahatyň çäklerinde iş duşuşyklarynyň, okuw we ylmy-amaly maslahatlaryň, şeýle hem syýahatçylyk gezelençleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäreler pudakda öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga we işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge hyzmat eder.

Ilkinji gezek geçirilýän “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty 2026-njy ýylyň 16-njy apreline çenli dowam eder we syýahatçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýelär.





PDF









