Armydy gyş üçin saklamagyň usullary

214

Dünýäniň iň köp sarp edilýän miweleriniň biri hem armytdyr. Bu miwäniň ir we giç ýetişýän dürli görnüşleri bar. Şeýle bolansoň, tomsuň ortasyndan tä güýzüň ahyryna çenli armydyň ter miwelerini iýip bolýar. Şiresi we tagamy babatda hem tapawutlanýan armydyň görnüşleri gyşa durumlylygy babatda hem tapawutly bolýar. Şeýle-de bolsa, bu miwäni uzak wagt saklamak üçin käbir şertlere zerurlyk duýulýar. Köplenç bişen miweler salkyn jaýlarda –ýerzeminlerde, sowadyjylarda saklanýar. Ýöne pes temperaturada-da armyt çalt zaýalanyp, çüýräp başlaýar. Bu miwäniň görnüşleriň köpüsi uzak möhletli saklamak üçin amatly däl. Armytlary uzak saklamak üçin diňe giç ýetişýän gabygy galyň we beýlekilerden biraz gaty görnüşlerini saýlamaly.

Armydy gyşa saklamak üçin entek doly bişmänkä ýygnaýarlar. Tänip, ýere gaçan miweleri uzak wagt saklap bolmaýar. Şeýle hem miwäniň sapaklary goparylmaly däl. Gyşa saklanjak miweleriň deň ululykdakylary aýratynlykda goýulmaly. Gurçuk düşmedik, çüýremedik we gabygyna hiç hili zeper ýetmedik bolmaly.

Saklanjak ýer gurak we heňlemedik bolmaly. Şol sebäpli ammaryň diwarlary hem oňat bejerilen bolmaly. Has uzak saklamak üçin iň amatly temperatura şertleri, howanyň çyglylygy 85%-de 0-2 dereje hasaplanýar.

Şeýle hem bu miwe beýleki miweler bilen garylyp goýulmaly däl. Saklanýan önümiň çüýränlerini we zaýalananlaryny aýda bir gezek aýryp durmaly.

Şeýle hem armytlar kiçijik deşikli ýörite gaplarda saklanýar, şeýlelikde howa alyş-çalşygy miwäniň zaýalanman saklanmagyny üpjün edýär. Miweleriň aralygynda boşluk goýmak möhümdir.

Armydy saklamagyň ýene bir usuly bar. Munuň üçin ýygnalan we sortlanan miweler poluň ýüzüne ýazylyp goýulýar. 4-7 günden soň her armyt gury esgi bilen süpürilip, 5 sm gury arassa çäge bilen örtülýär. Bu ýagdaýda miwelere degmezlik, biri-birinden gysga aralykda ýerleşdirmek hem möhümdir.

Ýokardaky usullar arkaly armydy 3-5 aý aralygynda saklap bolýar.

Häzirki wagtda armydy saklamak üçin ulanylýan iň meşhur usul plastik paketlerde saklanmagydyr. Bu usul, tagamyny, daşky görnüşini we peýdaly aýratynlyklaryny saklamak bilen, miwäniň ýaramlylyk möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Saklamak üçin 18×67 sm ululykdaky polietilen haltalar ulanylýar. Haltalar gaplanmazdan ozal armyt goýuljak otagda saklanmalydyr. Bu önümiň temperaturasynyň ammardaky howanyň temperaturasy bilen deňleşmegi üçin edilýär.

Gülälek Ýazmedowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy