Soňky ýyllarda Çehiýada migrantlaryň sany görnetin artýar. Ýurduň ýaşaýjylarynyň 12 göterimini daşary ýurtlular emele getirýär. Bu artyş ýurtda daşary ýurtlularyň ýaşamagy üçin berk düzgünleriň bardygyna garamazdan dowam edýär.
Ýurduň milli statistika edarasynyň maglumatyna görä, Çehiýada 10 million töweregi çeh raýaty bilen bir hatarda 1,5 milliondan gowrak daşary ýurtly ýaşaýar.
Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan ýurtda 2015-nji ýylda her 100 ýaşaýja 4 migrant düşýän bolsa, geçen ýyl bu görkeziji 12-ä ýetipdir.
Ýurtda 613 müň ukrain ýaşaýar. 126 müň ukrainaly çaga bu ýurtdaky mekdebe çenli çagalar edaralaryna we mekdeplere gatnaýar. Uly ýaşlylaryň 80 göteriminden gowragy zähmet çekýär. Migrant sany boýunça slowaklar ikinji ýerde durýar. Ýurtda 125 müň slowakiýaly ýaşaýar. 1992-nji ýyla çenli Slowakiýa bilen Çehiýa bir ýurt bolupdy.
Daşary ýurtlularyň uly bölegi paýtagt Pragada ýaşaýar. Praganyň 1,4 million töweregi ilaty bolup, şäherde 366 müň migrant hasaba alnan. Bu bolsa, ilatyň 20 göterimden gowragynyň daşary ýurtlulardygyny aňladýar.
Şeýle-de bolsa, kompaniýalar işgär ýetmezçiliginiň bardygyny belleýärler. Çehiýanyň zähmet edarasy jemi 100 müň iş ornunyň boşdygyny mälim edýär. Esasan, gurluşyk, senagat, saglygy goraýyş we hyzmatlar pudagynda işgärlere zerurlyk duýulýar.
Soňky ýyllarda Filippinlerden hem işgär getirilipdir. Çehiýa döwletiniň goldawy bilen 15 müňden gowrak filippinli işgär bu ýurda getirilipdir.
Hökümet Başlygynyň orunbasary Karel Hawliçek Çehiýanyň dünýäniň birnäçe ýurdundan işçi gözleýändigini belleýär. Bu ýurtlaryň arasynda Hindistan, Indoneziýa, Mongoliýa, Moldowa, Gruziýa, Gazagystan, Ermenistan, Serbiýa we Demirgazyk Makedoniýa ýaly ýurtlar bar.
Maglumata görä, ýurtda geçen ýyl 77 müň 600 çaga dünýä inipdir, 113 müň 300 adam dünýesini täzeläpdir. Bu görkeziji ilaty 10 million töweregi bolan ýurt üçin uly tapawutdyr. Migrantlar bolmasa ýurduň ýaşaýjylarynyň sany azalardy.
PDF








