Ilkinji gezek 32 klubuň gatnaşmagyna geçirilen FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşy tamamlandy. Çelsi bilen PSŽ-niň arasyndaky final duşuşygy Nýu Jersidäki “MetLife Stadium”-da oýnalyp, oňa 81 müň 118 janköýer tomaşa etdi. Duşuşykda asly eýranly Awstraliýanyň raýaty bolan meşhur emin Alireza Fagani jürlewük çaldy.

Finala çenli diňe 1 ýeňliş bilen (ikisi-de brazil klublaryndan ýeňlipdi) gelen “Çelsi” bilen PSŽ-niň arasyndaky duşuşyga iňlisler şowly başlady. PSŽ-niň hüjüm gurnamagyna ygtyýar bermedik londonlylar 22-nji minutda Koul Palmeriň ajaýyp goly bilen öňe saýlandy. “Çelsiniň” 10-njy belgili köýnekçesiniň täze eýesi Palmer 30-njy minutda-da 1-nji golunyň kopýasyny gaýtalyp, hasaby 2-ä çykardy. Ol 2 golunda-da topy ýerden takyk urgy bilen derwezeçi Janluiji Donnarummanyň ýetip bilmejek tarapyna (sag tarapa) gönükdirmegi başardy. Duşuşygyň 43-nji minutynda Palmer bu gezek goluň taýýarlaýjysy bolup çykyş etdi. Has takygy, Palmeriň beren ajaýyp pasynda topy derwezeçiniň üstünden aşyryp goýberen täze transfer Žoao Pedro 3-nji goly hem parižlileriň derwezesinden girizdi.

2-nji ýaryma PSŽ topary hüjümler bilen başlasa-da “Çelsi” toparynyň goragçylary hem-de derwezeçisi hasabyň üýtgemegine ygtyýar bermedi.  Duşuşygyň 86-njy minutynda PSŽ-den Žoao Neweş gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy. Netijede, 3-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Çelsi” FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynyň çempiony bolmagy başardy. Şunlukda, “Çelsi” kluby 2021-nji ýyldan soň bu kubogy 2-nji gezek asmana göterdi. “Çelsi” topary bu kubogy 2 gezek gazanan 5-nji klub hökmünde hasaba alyndy.

Ýaryşyň iň ökde oýunçysy diýlip, “Çelsiniň” ýyldyzy Koul Palmer saýlandy. “Altyn top” baýragy bilen sylaglanan Palmer ýaryşyň dowamynda 3 gol geçirdi. “Kümüş top” baýragyna Witinýa (PSŽ), “Bürünç top” baýragyna bolsa Moses Kaisedo (“Çelsi”) mynasyp boldy.

4 gol geçiren “Real Madridiň” ýaş hüjümçisi Gonzalo Garsiýa çempionatyň iň köp gol salan futbolçysy diýlip yglan edildi. “Altyn ellik” baýragy “Çelsiniň” ispan derwezeçisi Robert Sançese berilse, FIFA iň ökde ýaş futbolçy baýragynyň eýesi PSŽ-niň ýyldyzy Desire Due boldy. FIFA Feýr-pleý baýragyna “Bawariýa” topary laýyk görüldi.

Umumy baýrak gaznasy 1 milliard dollara deň bolan ýaryşda çempion “Çelsi” topary 130 million dollara golaý pul baýragy bilen sylaglandy.

 

ÇELSI: Sançes – Gusto, Çaloba, Kolwill, Kukurelýa – Jeýms (k) (Nkunku 77), Kaisedo, Palmer, Neto (Dýusbýuri-Holl 77), Enzo Fernandes (Andreý Santos 61) – Žoao Pedro (Liam Delap 67); Tälimçi: Enzo Mareska

PSŽ: Donnarumma – Hakimi (Zair-Emeri 73), Markinios (k), Beraldo, Nuno Mendeş – Witinýa, Žoao Neweş, Fabian Ruiz (Maýulu 73) – Desire Due (Gonsalu Ramuş 73), Usman Dembele, Kwarasheliýa (Barkola 58); Tälimçi: Luiz Enrike